«Cvdent» — sadap dişleriň goragynda

16 Ýanwar 2023
769

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň hususy telekeçiligi goldamak boýunça tagallalaryndan ruhlanýan türkmen telekeçileri daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksporta niýetlenen önümleri öndürmekde uly üstünlikleri gazanýarlar. Munuň üçin hususyýetçiler tarapyndan täze, ýokary tehnologiýaly önümçilikler özleşdirilip, ýokary hilli önümleriň öndürilişi ýola goýulýar. Şeýle hususy düzümleriň biri-de, telekeçi Nazar Ýazgylyjowyň esaslandyran «Täze saba» hojalyk jemgyýetidir.

Hojalyk jemgyýetiniň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Ýaňgala geňeşliginiň çäginde ýerleşýän kärhanasynda gündelik durmuşda ulanylýan möhüm arassaçylyk serişdesi bolan diş arassalaýjy çotgalaryň önümçiligi alnyp barylýar. Şeýle önümçilik üçin telekeçilere çylşyrymly tehnikalary özleşdirip, ençeme täzelikleri işe girizmek, dürli tehnologik düzümleriň sazlaşygyny üpjün etmek gerek bolýar.

Çary ÇARYÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň 2-nji ýyl talyby.
Beýleki habarlar