Ýokary hil, ygtybarlylyk, döwrebaplyk

28 Ýanwar 2023
802

Hususy pudagyň çalt depginler bilen ösýän häzirki döwründe türkmen telekeçileriniň işlemekleri, döretmekleri, dürli harytlary öndürip, olary içerki hem daşarky bazarlara çykarmaklary ugrunda ähli zerur şertler döredilýär. Ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi sazlaşykly ösdürmek, hususy başlangyçlary goldamak üçin amatly hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş ýagdaýlary göz öňünde tutulandyr. Bu günki gün türkmen işewürleri iri gurluşyklara-da batyrgaý gatnaşýarlar. Dürli görnüşli, ilhalar harytlary öndürip, bazar bolçulygyna goşant goşýarlar. Bu asylly işlerde «Muhammet-Balkan» hojalyk jemgyýetiniň hem saldamly goşandy bar.

«Muhammet-Balkan» hojalyk jemgyýeti 2009-njy ýyldan bäri hereket edýär. Şu döwrüň içinde kärhana dürli binalardyr desgalary gurup, şäher gurluşygy boýunça baý tejribe toplady. Şunda bu hojalyk jemgyýeti tarapyndan bina edilip, halkyň hyzmatyna berlen desgalaryň käbirini mysal getirsek, maksadalaýyk bolar. Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly ulag düzüminiň desgalarynyň — Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda täze ýolagçy awtomenzilleriniň binalarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy. Şol awtomenzilleriň gurluşygy bolsa «Muhammet-Balkan» hojalyk jemgyýetine ynanyldy. Awtomenzilleriň her biri bir gije-gündiziň dowamynda 700 ýolagça hyzmat etmäge ukyplydyr. Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň ugrunda bina edilen Halkara awtomenziliň gurluşygyny hem şu hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçylary amala aşyrdylar. Halkara derejelere laýyk gelýän bu awtomenzil bir gije-gündizde 2 müň ýolagça hyzmat etmäge niýetlenendir. Paýtagtymyzy ösdürmegiň 13-nji tapgyrynda orta mekdebiň gurluşygyny alyp baran kärhananyň işçi-hünärmenleri Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda-da döwrebap orta mekdebiň üçüsini gurup ulanmaga berdiler.

Akmyrat NURALYÝEW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar