Gyş ýapynjaňy goýma...

11 Fewral 2023
811

“Gyşyň güni kyrk tüýsli, kyrkysy-da gylyksyz” diýleni-dä. Ýanwaryň aňzakly günlerinden soň, süňňümize ýylylyk aralaşan ýaly boldy welin, ynha, bu gün ýene-de asmanyň ak nury dökülip, howa sowaýdy. Gazaba münse, kiçi çille-de uly çilleden geçiräýýän eken. Diýmek, gyş ýapynjamyzy ýanymyzdan goýmaga, ýyly eşiklerimizi ýygşyrmaga entek wagt bar. Belki-de, täzesini edinesimiz geler. Şu wagt söwda merkezlerine, dükanlara aýlansaň, olary saýlap-seçip almaga mümkinçilig-ä kän. Häzirki wagtda türkmen telekeçileri hem gyş eşiklerini taýýarlamaga ökdelediler.

Söwda tekjelerini bezeýän “Röwşen”, “MB shoes”, “Gerçek”, “Şir deri”, “Runotex” haryt nyşanly içi petli köwüşlerden, “Akar”, “Nepis” haryt nyşanly galyň joraplardan, “Täze saraý” hojalyk jemgyýetiniň, “Yhlasly tikinçi” hususy kärhanasynyň, telekeçi Yhtyýar Rozmetowyň ýolbaşçylygyndaky tikinçilik öýüniň hünärmenleriniň we başga-da onlarça telekeçileriň tikip taýýarlaýan ýyly egin-eşiklerinden halanyňy saýlap alyber. Mary welaýatynyň Ýolöten etrabyndan telekeçi Şamyrat Mämmedowyň nah ýüplüklerden taýýarlaýan elliklerini hem elýeterli bahadan satyn alyp bolýar. “Gujurly el” haryt nyşany bilen halkymyza hödürlenýän ellikleriň aýda 50 jübüdi taýýarlanylýar.

Keýik UMAROWA.
“Türkmenistan”. Surata düşüren Meretdurdy ROZYÝEW.
Beýleki habarlar