«Akja telpek başynda»...

25 Ýanwar 2023
1018

Her gezek bazarlara aýlananyňda, tekjelere aýratyn bezeg berýän, «başlary akja telpekli» gelin kömeleklerinde nazaryň eglenýär. Çünki olaryň ýanyndan biparh geçip bolmaýar. Bu täsin iýmit owadan harytlyk görnüşi hem-de hoşboý ysy bilen özüne çekýär. Onuň tagamyny diýsene! Kömelekden taýýarlanylýan işleklidir gutabyň, dürli işdäaçarlaryň tagamy bir başga. Hut şonuň üçin-de, ol mydama islegli, müşderisi-de ýeterlik.

Türkmen telekeçileriniň yhlasly zähmeti bilen bazarlardan, söwda dükanlaryndan akja kömelekleri ýylyň ähli paslynda satyn almak bolýar. Olar dünýäniň iň kämil enjamlary ornaşdyrylan döwrebap ýyladyşhanalarda ösdürilip ýetişdirilýär. Telekeçi Babasadyk Çüriýewiň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Owadandepe geňeşliginiň çägindäki, «Altyn nur zamany» hususy kärhanasynyň Balkanabat şäherindäki, «Ter kömelek» hojalyk jemgyýetiniň Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabyndaky, «Tiz hyzmat» hususy kärhanasynyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki ýyladyşhanalarynda we başga-da hususy işewürleriň onlarçasy tarapyndan ösdürilip ýetişdirilýän kömelekler halkymyzyň bereketli saçaklaryny bezeýär.

Keýik UMAROWA,
«Zenan kalby».
Beýleki habarlar