«Parasatly zaman» hususy kärhanasynyň «Noş» haryt nyşanly önümlerine isleg köp

5 Fewral 2023
851

Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary esasynda, hususy pudagyň wekilleri özleri üçin döredilip berilýän mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyp, milli ykdysadyýetimiziň dürli ugurlary boýunça täze-täze önümçilikleri yzygiderli işe girizýärler. Döwlet Baştutanymyzyň kiçi, orta we iri telekeçiligi goldamak babatda amala aşyrýan asylly başlangyçlaryndan, durmuşa geçirýän giň gerimli işlerinden ruhlanyp, milli ykdysadyýetimiziň bedew batly ösüşine mynasyp goşant goşýan telekeçiler iş depginlerini gowşatmaýarlar. Şu asylly işlere jogap edip, tutanýerli zähmet çekýän Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Ýarajy obasynda ýerleşýän «Noş» haryt nyşanly önümleriň eýesi «Parasatly zaman» hususy kärhanasynda alnyp barylýan işler hem bellenilmäge mynasypdyr.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Rüstem Allanazarowa degişli «Parasatly zaman» hususy kärhanasynyň esasy maksady, bazarlarymyzy gök-bakja ekinlerinden hem-de miwelerden taýýarlanylan gaplanan önümler bilen üpjün etmäge gönükdirilendir. Kärhanada pomidor goýultmasy, üwmeç, pomidor şiresidir we dürli miwe şerbetleriniň umumylykda 12 görnüşi öndürilýär. Taýýarlanylýan pomidor goýultmasy ýörite demir gaplara, marinada ýatyrylan pomidordyr hyýar, ajika, ajy we süýji üwmeçler, pomidor şiresi aýna hem-de plastik gaplara gaplanyp, «Noş» haryt nyşany bilen bazarlara ugradylýar. Ýokary mümkinçilikler döredilen kärhanada häzirki wagtda 30-a golaý hünärmen zähmet çekýär. Ýeri gelende aýtsak, önümçiligiň çig maly bolan pomidordyr hyýar, dürli miweler we beýleki gök önümler ýerli daýhanlardan alynýar. Güneşli türkmen topragynda biten ekinlerden we miwelerden taýýarlanan önümler tebigylygy, ekologiýa taýdan arassalygy bilen tapawutlanýar. Gyş paslynyň dowam edýän günlerinde bu kärhananyň önümleri bedeni gurplandyrmakda we işdäni açmakda aýratyn ähmiýete eýedir.

Çary ÇARYÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň 2-nji ýyl talyby.
Beýleki habarlar