"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Bugdaýy bolanyň aýdymy bolar

«7/24.tm»:№37 (224) 09.09.2024 4-nji sent­ýabr­da ýur­du­my­zyň Ahal, Bal­kan, Da­şo­guz, Le­bap we Ma­ry we­la­ýat­la­ryn­da gel­jek ýy­lyň ha­sy­ly üçin güýz­lük bug­daý eki­şi­ne gi­ri­şil­di. Bu mö­hüm oba ho­ja­lyk möw­sü­mi hormatly Prezidentimiziň ak pa­ta­sy bi­len ba­dal­ga al­dy. Asyl­ly dä­be gö­rä, il sy­lag­ly ýa­şu­lu­lar Be­ýik Bi­ri­bar­dan bol ha­sy­ly di­leg edip, bug­daý to­hum­la­ry­ny top­ra­ga sep­di­ler hem-de no­ba­ty me­ha­ni­za­tor­la­ra ge­çir­di­ler.

Türkmenistan — ak bugdaýyň watany

Ýurdumyzda oba hojalygyny özgertmek, hususan-da, pudaga täzeçil tehnologiýalary, häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny ornaşdyrmak, onuň önümçilik infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi pudagy mundan beýläk-de ösdürmek bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmeginde hem möhüm orna eýedir. Şunuň bilen baglylykda, 4-nji sentýabrda ýurdumyzyň Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda geljek ýylyň hasyly üçin güýzlük bugdaý ekişine girişilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Ilkinji nobatda, bu möhüm oba hojalyk möwsüminiň döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň ak patasy bilen badalga alandygyny nygtamak gerek. Çünki hormatly Prezidentimiz 30-njy awgustda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daýhanlarymyzyň yhlasly zähmet çekip, ýerden bol hasyl almaklary üçin döwletimiz tarapyndan zerur şertleriň döredilýändigini belledi.

Bugdaý ekişine taýýarlykly gelindi

Oba hojalyk pudagynda möhüm möwsüm bolan — güýzlük bugdaý ekiş möwsümini ýokary hilli we agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirmek üçin daýhanlarymyz irginsiz zähmet çekýär. Ýakynda ýurdumyzyň welaýatlarynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak pata bermegi, hormatly ýaşulularyň «Bismillasy» bilen bugdaý ekişine girişildi. Ahal welaýaty boýunça 2025-nji ýylyň hasyly üçin güýzlük däne ekmäge 195 müň gektar ýer talabalaýyk taýýarlanyldy. Şonça ýerden geljek ýyl 400 müň tonna guşgursak däne ýetişdirmek maksat edinilýär.

Tehnikalar —daýhanyň daýanjy

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygy giňden bellenilýän ýylyň badalga berlen pagta ýygymy möwsüminde Ahal welaýaty boýunça «John Deere» kysymly pagta ýygyjy kombaýnlaryň 249-synyň, iki hatarly tirkeg kombaýnlarynyň 114-siniň hyzmatyndan peýdalanylar. Bu jogapkärli möwsüme taýýarlygyň çäklerinde Ahal welaýat «Obahyzmat» önümçilik birleşiginiň etraplardaky önümçilik kärhanalarynyň abatlaýjy ussalarydyr hünärmenleri tarapyndan pagta ýygyjy kombaýnlaryň her biri irgözinden doly gözden geçirilip, zerurlaryna abatlaýyş işleri geçirildi. Şeýlelikde, pagta ýygymy möwsüminde daýhanlaryň daýanjy boljak «polat atlaryň» doly taýýarlyk hatarynda goýulmagy gazanyldy. Welaýatyň «ak altyn» ussatlary 135 müň gektar meýdandan pagtanyň 280 müň tonnasyny almagy maksat edinýärler. Olaryň bu belent maksada ýetmeginde pagta ýygyjy kombaýnlaryň orny uludyr. Şoňa görä-de, möwsümde işlediljek tehnikalary bu ugurda tejribesi bolan mehanizatorlara berkitmek boýunça hem degişli işler geçirildi.

Bol hasyl ýetişdi

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň Andalyp adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Faýzulla Sabirow arassa yhlasy, asylly zähmeti bilen ýylyň-ýylyna «ak altynyň» bol hasylyny öndürip, ýokary netijeleri gazanyp gelýär. Ähli ugurlar boýunça rowaç işler, uly üstünlikler bilen nurlanýan şanly ýylymyzda-da ussat daýhanyň 65 gektara barabar ýerinde pagtanyň bereketli hasyly ýetişdi. Alys gözýetime ýaýylyp ýatan gowaça meýdanlarynda ak patrak ýaly açylan gozalar Günüň nuruna ýalkym saçýar. Günsaýyn däl, sagatsaýyn patrap açylýan sanýetmez gozalar bilen ýüki ýetýän keşleriň uzyn-uzyn hatary halal zähmetiň abraý ölçegine, bereket-bolçulygyň nyşanyna meňzeýär. Arkama-arka gelýän daýhançylyk kesbini ygrarly ýöredip, ýere asylly hyzmat etmegiň, halal zähmet çekip, bagta ýetmegiň göreldesini görkezýän Faýzulla Sabirow kärende ýeriniň her gektaryndan 30 — 35 sentner hasyla garaşýandygyny uly ynam bilen aýdýar. Häzir tebigatyň üýtgeýän wagty. Pasyl çalşyp, jöwza kem-kemden saýpallaşýar. Sahawatly topragyň ýaşyl roýy has goýrulanyp, doýgun öwüsýär. Nijeme ýyl bäri werdiş eden endigine görä, ol säher bilen ýabyň erňegini yzarlap gidýän gumsalt ýoldan ekin meýdanlaryna tarap ugraýar. Ýylboýy bejergisi, iýmiti, suwy ýeten, gyradeň hatarlary dolduran penje-penje gozalar kalbyna kanagat, ýüregine ynam berýär. Ol ýigrimi ýyla golaý mundan ozal ilkinjileriň biri bolup Üçkepderi düzlü

Çarwa zenany

Öň adyny eşidenem bolsak, ýurdumyzyň günbatarynyň gyra çetinde, Türkmenbaşy etrabynyň çäginde ýerleşýän Tüwer obasyna heniz baryp görmändik. Nesibämiz çeken bolmaly. Türkmen topragynyň keramatly ýerlerine, gadymy ýadygärliklerine aýlanyp görmek, taryhda yz galdyran meşhur şahsyýetlerimiziň, dana alymlarymyzyň, beýik pirlerimiziň aramgählerine zyýarat etmek maksady bilen, Balkan welaýatyna tarap ýola düşüp, müňlerçe kilometri geçenimizden soň, iň soňky düşelgämiz Tüwergyr depesi boldy. Bu depede geçmiş taryhymyzda gahrymançylygy, edermenligi, gaýduwsyzlygy bilen tanalan Ärsarybabanyň aramgähi ýerleşýär. Beýikli-pesli depe-düzlerden, asman boýlaýan dag-derelerden, alyslara uzaýan giň sähralyklardan geçip, bu keramatly ýere baranymyzda, bizi mähribanlyk bilen garşy alan çarwa zenany Täçbibi daýzady. — «Zyýaratçylaryň arasynda zenanlar-da bar» diýseler, Gurbanmuhammede: «Onda bizi-de äkitmeseň bolmaz» diýdim. Bular meniň gelinlerim, gyzlarym — diýip, ol daşymyzy gallap alan gelinlere ýüzlenip gürledi:

Ykdysadyýetiň möhüm ugry

Ak bugdaýyň gadymy mekanynda ekerançylyk medeniýetiniň häzirki zaman tejribeleri — sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri bilen utgaşmagynda gazanylýan üstünlikler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň mynasyp keşbidir. 4-nji sentýabrda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde geljek ýylyň hasyly üçin güýzlük bugdaý ekişine guramaçylykly girişilmegi hem munuň aýdyň dabaralanmasy boldy.  Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak pata bermegi  bilen badalga alan güýzlük bugdaý ekiş möwsümi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daýhanlarymyzyň yhlasly zähmet çekip, ýerden bol hasyl almaklary üçin döwletimiz tarapyndan zerur şertleriň döredilýändigini tassyklady. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Diýarymyzyň ösüşleriň täze belentliklerine göterilýän häzirki döwründe oba hojalygyny ýokary depginler bilen ösdürmek hem-de özgertmek, ony iň bir girdejili pudaklaryň birine öwürmek boýunça giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Türkmen daýhanyna döwletimiz tarapyndan öndürijilikli işlemäge, toprakdan bol hasyl öndürip, ýokary zähmet netijelerini gazanmaga, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamaga ähli mümkinçilikler döredilýär.

Ýurdumyzda güýzlük bugdaý ekişine girişildi

Düýn — 4-nji sentýabrda ýurdumyzyň Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda geljek ýylyň hasyly üçin güýzlük bugdaý ekişine girişildi. Bu möhüm oba hojalyk möwsümi döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň ak patasy bilen badalga aldy. Hormatly Prezidentimiz 30-njy awgustda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daýhanlarymyzyň yhlasly zähmet çekip, ýerden bol hasyl almaklary üçin döwletimiz tarapyndan zerur şertleriň döredilýändigini belledi. Oba hojalygyny özgertmek, hususan-da, pudaga täzeçil tehnologiýalary, häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny ornaşdyrmak, onuň önümçilik infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi pudagy mundan beýläk-de ösdürmek bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmeginde hem möhüm orna eýedir.

Her bir dänäň müň bolsun, türkmen daýhany!

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 30-njy awgustynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde oba hojalyk pudagynda möhüm möwsüm bolan güýzlük bugdaý ekişiniň ýetip gelendigine, ekiş möwsümini ýokary hilli we agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirmegiň uly ähmiýetiniň bardygyna aýratyn ünsi çekip, ýurdumyzyň welaýatlarynda 4-nji sentýabrda hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda bugdaý ekişine girişmäge ak pata berdi. Düýn özboluşly toý ruhunda badalga alan ekiş möwsümi edermen daýhanlarymyzy yhlasly zähmet çekip, ene toprakdan bol hasyl almaga ruhlandyrdy.

Tohumyň müňlesin, gallaçy daýhan!

Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň 30-njy awgustynda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna dahylly möhüm meseleler bilen bir hatarda ýurdumyzda bugdaýyň bol hasylynyň ýetişdirilmeginiň halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedigini aýratyn nygtap, 4-nji sentýabrda bugdaý ekişine girişmäge ak pata berdi. Şeýle-de güýzlük bugdaý ekişini öz wagtynda we ýokary derejede geçirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryndan ugur alyp, düýn welaýat häkimliginde ir säher bilen geňeş-maslahat geçirildi. Onda bugdaý ekişini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda guramaçylykly geçirmek, bu möhüm işde kämil usullary we öňdebaryjy tejribeleri giňden ulanmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Soňra bu çäre mynasybetli Çärjew etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginde uly dabara guraldy. Ir säherden başlanan çärä il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, welaýatymyzyň oba hojalyk ulgamynda zähmet çekýän hünärmenler, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ussat gallaçylar gatnaşdylar.

Topraga bagry badaşan

Mähriban Watanymyzyň gülläp ösüşlerine goşant goşmak ildeşlerimiziň her biriniň baş maksady. Häzirki wagtda ýaşlaryň aglabasy ýere — ene topraga hyzmat edenlerini kem görenoklar. Olar ata-baba kesbi bolan daýhançylygy saýlap-seçýärler. Köýtendagly Taşbek Adylow hem orta mekdebi tamamlan dessine kakasy Aknazaryň daýhançylyk kesbini ýöredip başlady. Şondan bäri geçen on bäş ýyla golaý wagtyň dowamynda ol bugdaý, gowaça, şaly ýaly oba hojalyk ekinlerini ekip, olardan ýokary hasyl ýetişdirmegi öwrendi. Taşbek etrabyň «Azatlyk» daýhan birleşiginiň çägindäki 5 gektar çemesi ýerinde köp ýyllaryň dowamynda gowaçadyr bugdaýy gezekleşdirip ekip, ýylyň-ýylyna bol hasyl aldy. Ol ökde kärendeçileriň hatarynda tanalyp ugrady. 2019-njy ýylyň ahyrynda bolsa Gahryman Arkadagymyzyň obasenagat toplumynyň işini üýtgedip gurap, ýerden bol hasyl almak, dolandyryş usullaryny kämilleşdirmek boýunça öňe süren teklipleri esasynda düýpli özgertmeleriň başlanmagy Taşbekiň durmuşyny bütinleýin üýtgetdi. Ekerançylyk ýerleri öňdebaryjy kärendeçilere uzakmöhletleýin paýlanylyp berildi. Ilkinji bolup, ýerli bolmak bagtynyň öz paýyna düşmegi Taşbeki uçursyz begendirdi. Ol 99 ýyl möhlet bilen bölünip berlen ýerini doly güýjünde ulanmak maksady bilen, ähli döredilen mümkinçiliklerden we şertlerden netijeli peýdalanyp, yhlasly zähmet çekendigini gürrüň berýär. Geçen ýyllarda täze şertlerde ol öz iş

Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen welaýatymyzda bugdaý ekişine girişildi

Her bir dänäň müň bolsun! Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 30-njy awgustynda geçirilen mejlisinde häzirki wagtda ekişiň ýakynlaşandygyna görä, gallaçy babadaýhanlarymyzyň öňünde örän möhüm wezipeleriň durýandygyna ünsi çekdi. Bugdaý ekişi möwsümini bellenen möhletlerde, agrotehnikanyň talaplaryna görä, irgözin we ýokary hilli geçirmegiň wajyp ähmiýetiniň bardygyny belläp, ekiş möwsüminde geljek ýylyň bereketli hasylynyň düýbüniň tutulýandygyny nygtady. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň welaýatlarynda şu ýylyň 4-nji sentýabryndan bugdaý ekişine ak pata berýändigini aýtdy we asylly däbimize laýyklykda, bu möhüm çärä hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda badalga berilmelidigini belledi.

Möhüm möwsümiň aladalary

Maksatly menzil aşar Oba hojalyk işgärleri üçin ýene bir möhüm möwsüm — ýetişdirilen gowaça hasylyny ýygnamak möwsümi barha ýakynlap gelýär. Bu babatda pagtaçy kärendeçiler, daýhan birleşikleriň, etrap tehniki hyzmat ediş kärhanalarynyň mehanizatorlary ähli tarapdan taýýarlyk görýärler. Ählisiniň maksady daýhan yhlasy bilen kemala gelen “ak altyny” wagtynda we isripsiz ýygnap, Watan harmanyna tabşyrmakdan ybarat bolup durýar.

Tohumyň müňlesin, daýhan!

Hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen, welaýatymyzda bugdaý ekişine badalga berildi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň güýzki bugdaý ekişi möwsüminiň ýetip gelmegi bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 30-njy awgustda sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde ýurdumyzyň beýleki künjekleri bilen birlikde, biziň welaýatymyzda hem bu möhüm ähmiýetli işe 4-nji sentýabrda girişmäge ak pata berdi. Şu mynasybetli welaýatymyzyň dürli ýerlerinde bu haýyrly çärä ykjam taýýarlyk görlüp, oňa bagyşlanylan dabaralara giň gerim berildi.

Galkynyşdan görklenýän obalar

Şabat etrabynyň Diýar geňeşligi galkynyşdan görklenýän obalary bilen döwrebap ösýär, özgerýär. Geňeşligi Galkynyş, Abdalýap, Aýakketli, Ogşuk ýaly obalaryň dördüsi düzüp, olarda häzirki zamanyň döwrebap ýaşaýyş gurşawy doly üpjün edilendir. 16 müňden gowrak ilaty bolan geňeşligiň çäginde iş saparynda bolanymyzda, bu ýerde taryhy döwrümiziň baş maksat hökmünde öňe çykarýan wezipeleriniň doly durmuşa geçirilýändiginiň gözli şaýady bolduk. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komitetiniň başlygy Jennet Hallyýewa bilen geňeşlige tarap ugranymyzda, onuň maksat edinip barýan obalarymyz hakda beren gürrüňleriniň hakykatdygyna doly göz ýetirdik. Işleriň belent maksatdyr yhlasyň sazlaşygyndan rowaçlanýandygy geňeşligiň tutuş çäginde mese-mälim duýulýar. Gara ýoluň iki gyrasyny jähekläp oturan söwda nokatlarynda ilata medeniýetli söwda hyzmatlarynyň edilýändigini olaryň köp adamlydygyndan hem arkaýyn duýmak bolýar.

Zähmetsöýer halkymyzyň berekedi ak bugdaý

Hormatly Prezidentimiz 30-njy awgustda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçiren mejlisinde gallaçy daýhanlarymyz üçin örän möhüm we jogapkärli möwsüm bolan bugdaý ekişiniň ýetip gelendigine, bu möwsümi agrotehniki möhletlerde, guramaçylykly geçirmegiň zerurdygyna aýratyn ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň welaýatlarynda 4-nji sentýabrda bugdaý ekişine girişmäge ak pata berdi we zähmetsöýer gallaçylara, ähli oba hojalyk işgärlerine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Bugdaý ekişi badalga alýar

Ýene-de bereketli güýz pasly bosagamyzdan ätledi. Bu döwre öňden garaşýan daýhan bilini mäkäm guşap, meýdana çykdy. Kemsiz tekizlenip ekişe gowy taýýarlanan atyzlar göýä tohuma garaşýan ýaly. «Çarşenbede çar ýana» diýýän türkmen bu güni sähetli gün hasaplap, döwletli tutumlary şoňa gabatlapdyr. Ine, şu gün, çarşenbe gününde hem ýurdumyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak patasy esasynda, ak sakgally ýaşulularymyzyň «bismilla» bilen başlap bermeginde güýzki bugdaý ekişi badalga alýar. Daýhanlaryň ýeri ekişe birkemsiz taýýarlaýşyndan, tehnikalaryň üpjün edilişinden bugdaý ekişiniň öz möhletinde, ýokary hilli geçiriljekdigini aňmak bolýar. Galyberse-de, bu ýyl oba hojalygynda geçirilen özgertmeler daýhanyň-da, mehanizatoryň-da ýere bolan yhlasyny has-da artdyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly çözgüdi bilen, esasy oba hojalyk önümleri bolan pagtanyň we bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhlarynyň ýokarlandyrylmagy önümçilige oňyn täsirini ýetirdi. Janypkeş daýhan her daban ýerden aljak hasylyny, topragyň düzümini nazary bilen ölçeýär. Bu babatda asylly ýörelgelere eýerýär. Ata-babalarymyzdan galan “Baýlygyň enesi — ýer, atasy zähmet”, “Arykdan suw akar, daýhana Hudaý bakar”, “Ala sürlen ýeri çöp basar” ýaly onlarça pähim-paýhasa ýugrulan sözler bu günki günde hem asylky ähmiýetini saklap galýar.

Bol hasyl ýetişdirildi

Babadaýhan etrabynyň edermen pagtaçylary şu ýyl 24 müň gektara gowaça ekip, şol meýdanlardan 51 müň 300 tonna hasyl almagy meýilleşdirýärler. Etrabyň daýhan birleşikleriniň 6-synda, daýhan hojalyklarynyň 49-synda gowaçanyň bereketli hasyly ýetişdirilip, şu günler pagta ýygymyna doly derejede taýýarlyk görülýär. Jogapkärli möwsüme taýýarlyk görmegiň çäklerinde pagta kabul ediljek harmanhanalaryň, hasyly daşajak tehnikalaryň taýýarlygyna uly üns gönükdirilýär. Möwsümde etrabyň pagta kabul ediş harmanhanalarynyň 3-sinde hasyl bökdençsiz kabul edilip, onuň arassalygyna we çyglylyk derejesine doly gözegçilik ýola goýlar. Munuň üçin barlaghanada zerur enjamlar ýerleşdirilipdir.

Gyş gawunlarynyň seresi

Garrygyz gawunynyñ gyş möwsüminde bereketli saçagymyzda bolmagy üçin, ony awgust aýynyň başynda agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ekmeli. Sarahs etrabynyň çäginde ýerleşýän «Ýolly daýhan» daýhan hojalygynyñ zähmetsöýer bakjaçylary muňa oňat düşünýärler. Olar türkmen bakjasynyń guwanjy bolan garrygyz gawunyny awgust aýynyñ başynda 10 gektar meýdana ekip, oňat gögeriş gazandylar. — Gyş gawunlarynyñ seresi bolan garrygyz bişip ýetişýänçä 90-120 gün gerek bolýar. Ortaça agramy 3-5 kilogram bolan garrygyz gawunynyñ düzüminde 18 göterime çenli süýjülik bolansoň, oňa ak bazarlarymyzda hemişe isleg uly. Daýhan hojalygymyzda 50 gektar meýdanda ekip ýetişdiren «Astrahan» sortly garpyzlarymyzyñ hasyly-da bereketli boldy. Öz zähmetimiz bilen ýetişdirýän bakja önümlerini ilatyñ bereketli saçagynda görmek, ýurdumyzyñ azyk bolçulygyna goşant goşmak biz üçin uly bagt. Bizi şeýle bagta ýetiren Gahryman Arkadagymyzyñ, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyñ janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun! — diýip, daýhan hojalygynyñ işjeň agzasy, tejribeli bakjaçy Aždarguly Rejepgulyýew guwanç bilen gürrüň berdi.

Ýeriň görki galladyr

Edermen, zähmetsöýer gallaçy daýhanlar her ýylyň güýzlük bugdaý ekişini ýokary taýýarlyk bilen garşylaýarlar. Tomusda, galla oragy tamamlanansoň, dessine ýerler şüdügärlenýär, dökünler bilen iýmitlendirilýär. Bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizlemek, geriş berip, çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda berjaý edilýär. Ekiş üçin ýokary hasylly bugdaý sortlarynyň ýokary hilli tohumlary taýýarlanylýar. Gallaçylar zerur oba hojalyk tehnikalary bilen üpjün edilýär. Netijede, ekişe hemmetaraplaýyn, doly taýýarlyk görlensoň, mele topragyň gerşine guşgursak dänäni ekmegiň wagty gelýär. Ekiş möhletini örän takyk bellemeli. Munuň üçin howanyň güýzlük ekişe, ekişden soňky gögerişe oňaýly bolaýjak ýagdaýyny içgin öwrenmeli. Dogry, halk arasynda ekiş döwürlerini tebigy alamatlar boýunça kesgitlemek ynanjy hem bar. Mysal üçin, «güýzki bugdaýyň ekişine igde miwesiniň daşy ýaldyrap başlanda girişibermeli» diýýärler. Bu bir ynanç. Aňymyzda ýer alan şeýle yrym-ynançlary diňe milli mirasymyzyň bir ülşi hökmünde kabul etmeli. 2025-nji ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, bellenen möhletlerde we ýokary hilli geçirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň 30-njy awgustda geçiren Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisiniň barşynda ýurdumyzyň welaýatlarynda 4-nji sentýabrda bugdaý ekişine hormatly ýaşulularyň «Bismi