Bol hasyl ýetişdirildi

4 Sentýabr 2024
81

Babadaýhan etrabynyň edermen pagtaçylary şu ýyl 24 müň gektara gowaça ekip, şol meýdanlardan 51 müň 300 tonna hasyl almagy meýilleşdirýärler. Etrabyň daýhan birleşikleriniň 6-synda, daýhan hojalyklarynyň 49-synda gowaçanyň bereketli hasyly ýetişdirilip, şu günler pagta ýygymyna doly derejede taýýarlyk görülýär.

Jogapkärli möwsüme taýýarlyk görmegiň çäklerinde pagta kabul ediljek harmanhanalaryň, hasyly daşajak tehnikalaryň taýýarlygyna uly üns gönükdirilýär. Möwsümde etrabyň pagta kabul ediş harmanhanalarynyň 3-sinde hasyl bökdençsiz kabul edilip, onuň arassalygyna we çyglylyk derejesine doly gözegçilik ýola goýlar. Munuň üçin barlaghanada zerur enjamlar ýerleşdirilipdir.

Şageldi BAÝRAMOW,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Babadaýhan etrap komitetiniň başlygy.
Beýleki habarlar