Gyş gawunlarynyň seresi

4 Sentýabr 2024
72

Garrygyz gawunynyñ gyş möwsüminde bereketli saçagymyzda bolmagy üçin, ony awgust aýynyň başynda agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ekmeli. Sarahs etrabynyň çäginde ýerleşýän «Ýolly daýhan» daýhan hojalygynyñ zähmetsöýer bakjaçylary muňa oňat düşünýärler. Olar türkmen bakjasynyń guwanjy bolan garrygyz gawunyny awgust aýynyñ başynda 10 gektar meýdana ekip, oňat gögeriş gazandylar.

— Gyş gawunlarynyñ seresi bolan garrygyz bişip ýetişýänçä 90-120 gün gerek bolýar. Ortaça agramy 3-5 kilogram bolan garrygyz gawunynyñ düzüminde 18 göterime çenli süýjülik bolansoň, oňa ak bazarlarymyzda hemişe isleg uly. Daýhan hojalygymyzda 50 gektar meýdanda ekip ýetişdiren «Astrahan» sortly garpyzlarymyzyñ hasyly-da bereketli boldy. Öz zähmetimiz bilen ýetişdirýän bakja önümlerini ilatyñ bereketli saçagynda görmek, ýurdumyzyñ azyk bolçulygyna goşant goşmak biz üçin uly bagt. Bizi şeýle bagta ýetiren Gahryman Arkadagymyzyñ, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyñ janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun! — diýip, daýhan hojalygynyñ işjeň agzasy, tejribeli bakjaçy Aždarguly Rejepgulyýew guwanç bilen gürrüň berdi.

Annamyrat BERDIMYRADOW,
öz habarçymyz.
Beýleki habarlar