Ýurdumyzda güýzlük bugdaý ekişine girişildi

5 Sentýabr 2024
193

Düýn — 4-nji sentýabrda ýurdumyzyň Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda geljek ýylyň hasyly üçin güýzlük bugdaý ekişine girişildi. Bu möhüm oba hojalyk möwsümi döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň ak patasy bilen badalga aldy.

Hormatly Prezidentimiz 30-njy awgustda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daýhanlarymyzyň yhlasly zähmet çekip, ýerden bol hasyl almaklary üçin döwletimiz tarapyndan zerur şertleriň döredilýändigini belledi. Oba hojalygyny özgertmek, hususan-da, pudaga täzeçil tehnologiýalary, häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny ornaşdyrmak, onuň önümçilik infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi pudagy mundan beýläk-de ösdürmek bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmeginde hem möhüm orna eýedir.

(TDH)
Beýleki habarlar