Çarwa zenany

5 Sentýabr 2024
111

Öň adyny eşidenem bolsak, ýurdumyzyň günbatarynyň gyra çetinde, Türkmenbaşy etrabynyň çäginde ýerleşýän Tüwer obasyna heniz baryp görmändik. Nesibämiz çeken bolmaly. Türkmen topragynyň keramatly ýerlerine, gadymy ýadygärliklerine aýlanyp görmek, taryhda yz galdyran meşhur şahsyýetlerimiziň, dana alymlarymyzyň, beýik pirlerimiziň aramgählerine zyýarat etmek maksady bilen, Balkan welaýatyna tarap ýola düşüp, müňlerçe kilometri geçenimizden soň, iň soňky düşelgämiz Tüwergyr depesi boldy. Bu depede geçmiş taryhymyzda gahrymançylygy, edermenligi, gaýduwsyzlygy bilen tanalan Ärsarybabanyň aramgähi ýerleşýär. Beýikli-pesli depe-düzlerden, asman boýlaýan dag-derelerden, alyslara uzaýan giň sähralyklardan geçip, bu keramatly ýere baranymyzda, bizi mähribanlyk bilen garşy alan çarwa zenany Täçbibi daýzady.

— «Zyýaratçylaryň arasynda zenanlar-da bar» diýseler, Gurbanmuhammede: «Onda bizi-de äkitmeseň bolmaz» diýdim. Bular meniň gelinlerim, gyzlarym — diýip, ol daşymyzy gallap alan gelinlere ýüzlenip gürledi:

Keýik UMAROWA,
«Zenan kalby».
Beýleki habarlar