Türkmenistan — ak bugdaýyň watany

6 Sentýabr 2024
61

Ýurdumyzda oba hojalygyny özgertmek, hususan-da, pudaga täzeçil tehnologiýalary, häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny ornaşdyrmak, onuň önümçilik infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi pudagy mundan beýläk-de ösdürmek bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmeginde hem möhüm orna eýedir. Şunuň bilen baglylykda, 4-nji sentýabrda ýurdumyzyň Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda geljek ýylyň hasyly üçin güýzlük bugdaý ekişine girişilmegi möhüm ähmiýete eýedir.

Ilkinji nobatda, bu möhüm oba hojalyk möwsüminiň döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň ak patasy bilen badalga alandygyny nygtamak gerek. Çünki hormatly Prezidentimiz 30-njy awgustda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daýhanlarymyzyň yhlasly zähmet çekip, ýerden bol hasyl almaklary üçin döwletimiz tarapyndan zerur şertleriň döredilýändigini belledi.

Altyn USSAÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy.
Beýleki habarlar