Bol hasyl ýetişdi

6 Sentýabr 2024
82

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň Andalyp adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Faýzulla Sabirow arassa yhlasy, asylly zähmeti bilen ýylyň-ýylyna «ak altynyň» bol hasylyny öndürip, ýokary netijeleri gazanyp gelýär. Ähli ugurlar boýunça rowaç işler, uly üstünlikler bilen nurlanýan şanly ýylymyzda-da ussat daýhanyň 65 gektara barabar ýerinde pagtanyň bereketli hasyly ýetişdi. Alys gözýetime ýaýylyp ýatan gowaça meýdanlarynda ak patrak ýaly açylan gozalar Günüň nuruna ýalkym saçýar. Günsaýyn däl, sagatsaýyn patrap açylýan sanýetmez gozalar bilen ýüki ýetýän keşleriň uzyn-uzyn hatary halal zähmetiň abraý ölçegine, bereket-bolçulygyň nyşanyna meňzeýär. Arkama-arka gelýän daýhançylyk kesbini ygrarly ýöredip, ýere asylly hyzmat etmegiň, halal zähmet çekip, bagta ýetmegiň göreldesini görkezýän Faýzulla Sabirow kärende ýeriniň her gektaryndan 30 — 35 sentner hasyla garaşýandygyny uly ynam bilen aýdýar.

Häzir tebigatyň üýtgeýän wagty. Pasyl çalşyp, jöwza kem-kemden saýpallaşýar. Sahawatly topragyň ýaşyl roýy has goýrulanyp, doýgun öwüsýär. Nijeme ýyl bäri werdiş eden endigine görä, ol säher bilen ýabyň erňegini yzarlap gidýän gumsalt ýoldan ekin meýdanlaryna tarap ugraýar. Ýylboýy bejergisi, iýmiti, suwy ýeten, gyradeň hatarlary dolduran penje-penje gozalar kalbyna kanagat, ýüregine ynam berýär. Ol ýigrimi ýyla golaý mundan ozal ilkinjileriň biri bolup Üçkepderi düzlüginden kärendesine ýer aldy. Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýoluny etekläp, esli ýere uzap gidýän bu düzlük şol döwürde ekilmän ýatan boz meýdandy. Oturymly obasyndan bu ýere gelip-gitmek üçinem ençe ýol geçmeli bolýardy.

Amanmyrat SAPAROW.
(Öz habarçymyz).
Beýleki habarlar