"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi Türkmenistanda onlýan-söwdanyň ösmegine ýardam eder

Häzirki wagtda Türkmenistanda 270-e golaý onlaýn-meýdança bar, bu bolsa ýurtda internet-söwdanyň artýan ornuny görkezýär. Onuň ösmegi üçin döwlet derejesinde änyk ädimler ädilýär – diýip, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy Hajymyrat Hudaýgulyýew ITTC-2023 halkara ulag maslahatynda çykyş etmek bilen, nygtady. Agentligiň baştutany elektron täjirçiligiň gowy ýola goýlan logistikanyň serwisleri we eltip berme hyzmaty bolmazdan mümkin däldigini belledi. Bu hyzmatlaryň amatlylygyna we tizligine sarp edijiniň sargyt etjek kompaniýasynyň saýlanyp alynmagy bilen baglydyr.

«Çapar» ykjam programmasynyň hyzmaty giňeýär

«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň köp maksatly «Çapar» ykjam programmasynyň «Maglumathana» bölüminde dürli ugurlar boýunça giň gerimli maglumat almak mümkindir. Telefon maglumathanasy ulanyjylar üçin Türkmenistanyň kärhanalarynyň we guramalarynyň telefon belgilerini onlaýn görnüşde elýeterlilik mümkinçiligini döredýär. Ykjam programmadaky ähli maglumatlar soňky ýyllarda telefon belgilerine we kodlara girizilen ähli üýtgeşmeler göz öňünde tutulyp ýerleşdirilendir. Islendik telefon belgisine gönüden-göni ykjam programmadan jaň etmek mümkindir.

Orta mekdeplerde okuw sapaklaryny guramagyň innowasion usullary

Häzirki global dünýäniň yzygiderli sanly ulgama geçýän döwründe ylym we tehnologiýa iňňän çalt depginde ösýär. Bu ösüş biziň gündelik ýaşaýşymyza düýpli täsir edýär. Ylym bilen tehnologiýanyň utgaşýan ýerleri kompýuter, ykjam telefon, proýektor, işjeň tagta, internet tory we şoňa meňzeş serişdeler bolup durýar. Adamlaryň esasy kompýuter bilimini öwrenmekleri we şol bilimi häzirkizaman ýaşaýyşda ulanmaklary özleriniň we indiki nesilleriň ugrukdyrylmagy hem-de olara ýol görkezmekligi jähtden wajypdyr. Bu babatda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda hem möhüm işler alnyp barylýar. Çünki ýurduň her bir körpe neslinden başlap, ähli raýatlarynyň kompýuter sowatlylygyny bilmegi bu günki gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňe sürýän baş taglymatlarynyň biridir. Bilim tehnologiýasy ylym we tehnologiýa düşünjelerinden emele gelýän funksional gurluş we bilimiň esasy bir ugry bolup durýar. Bu tehnologiýanyň emele getirilmeginde ilki başda bilim ugurlary bolmak bilen degişli bilim pudaklaryna hem-de jemgyýetiň özboluşly häsiýetlerine we tejribeniň şertlerine hem-de mümkinçiliklerine esaslanylýar. Mälim bolşy ýaly, bilimiň bitewiligini emele getirýän üç sany esasy zat: ylym, tehnologiýa we tejribe bolup durýar. Şol sebäpli bilim tehnologiýasy bilim ylymlary we bilim tejribe bilen bir bitewiligi döredýän esasy bilim ugry bolup durýar. Bilimdäki te

“Rockwell Automation” kompaniýasy Türkmenistana awtomatlaşdyryş çözgütlerini hödürleýär

Dünýädäki iň uly senagat awtomatizasiýasy we sanly aragatnaşyk bilen meşgullanýan “Rockwell Automation” kompaniýasy Azerbaýjana we Türkmenistana hyzmatlary bermek üçin “AB Market” kompaniýasy bilen bilelikde giňeldilen hyzmatdaşlygy yglan etdi. “Rockwell Automation” kompaniýasynyň resmi distribýutory bolan “AB Market” kompaniýasy häzirki wagtda Türkiýede iş alyp barýar we ýakyn wagtda Azerbaýjanda we Türkmenistanda edara görnüşli tarap döreder. Bu barada “Rockwell Automation” kompaniýasynyň geçen aýyň ahyrynda çap edilen metbugat beýanatynda mälim edildi.

Sanly ulgam — nurana geljegimiz

Häzirki zamanyň ösen innowasion tehnologiýalarynyň, şol sanda internet ulgamynyň, sanly bilim portallarynyň gazananlarynyň barha giň gerime eýe bolup, bilim edaralaryna, ýokary okuw mekdeplerine giňden ornaşdyrylmagy netijesinde berilýän bilimiň hil derejesi ýokarlanýar. Türkmenistanda maglumat tehnologiýalaryna we sanly bilime geçmek meselelerine aýratyn üns berilýär, ýaş nesliň döwrebap bilim almagy üçin ähli zerur şertler döredilýär. Sanly bilim ulgamy döwrebap derejede ösdürilýär, netijeli işler amala aşyrylýar.

Elektron ulgam – döwrebap ösüşleriň gönezligi

“Maksatly ýaşamak durmuşa ynamly we çynlakaý çemeleşmekdir” diýilýär. Çünki öňde goýulýan her bir maksat özi bilen netijeli işlemegi, yhlasly zähmet çekmegi, okamagy, öwrenmegi, döretmegi, gurmagy, bir başa uýmagy... talap edýär. Öňde goýulýan anyk maksatlar öňki gazanylanlary göz öňünde tutup, döwre görä gadam urmak, täze sepgitlere ýetmek, bar bolan mümkinçilikleriň üstüni ýetirmek, aň-düşünje, zehin, ukyp potensialyny ulanyp, ylymda-bilimde ileri gitmek zerurlyklaryny ýüze çykarýar. Bu bolsa döwür bilen deň gadam urup, zamanamyzy, durmuşymyzy özgerdiji ençeme oňyn taslamalary durmuşa geçirmeklige howlukmaklygy talap edýär. Şolaryň hatarynda bolsa, ýurdumyzda ähli ugurlarda elektron-onlaýn ulgama geçmegini aýdyp bileris. Hawa, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başda durmagynda bagtdan paýly günleri arka atyp barýan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ýurdumyzda bagtyýarlyk zamanasynda innowasion tehnologiýalar ulgamynda aýdyň ösüşler gazanyldy we gazanylmagyny dowam edýär. Şeýle ösüşleriň hatarynda telemedisina ulgamyny, internetiň we öýjükli aragatnaşygyň 4G hilini, mekdepleriň internet ulgamyna birikdirilmegini, multimedia serişdeleri bilen üpjün edilmegini, agzalan ugura ýöriteleşdirilen sergileriň guralmagyny, bäsleşikleriň geçirilmegini, elektron maglumatlar ulgamyny döretmäge girişilmegini, sanly bilim ulgamyna badalga berilmegini... görkezmek

Sanly ykdysadyýet — döwrebap ösüş

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda durmuşa geçirilýän beýik işler halkymyzyň bagtyýar geljegini, ýurdumyzyň durnukly ösüşlerini kepillendirýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, milli ykdysadyýetimize bazar gatnaşyklaryny ornaşdyrmakda amala aşyrylýan özgertmeler ýurdumyzyň ilatynyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmaga, durmuş goraglylygyny üpjün etmäge, sebitleýin zähmet bölünişigini kadalaşdyrmaga, ösüş maksatnamalarynda göz öňünde tutulan ägirt uly taslamalaryň we başlangyçlaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam berdi. Milli ykdysadyýetimizi bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn esasda geçirmek, ýokary maýa goýum işjeňligini üpjün etmek, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny güýçlendirmek, importyň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmak, durmuş ulgamlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, şeýle hem adamyň aň-bilimini ösdürmek üçin maýa goýumlaryny köpeltmek, döwlet bilen hususy bölegiň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak babatda ägirt işler durmuşa geçirilýär. Şeýle hem ylmy taýdan esaslandyrylan ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda halkara ölçeglerine laýyk gelýän täze innowasion tehnologiýalary we maglumat-aragatnaşyk enjamlaryny yzygiderli ornaşdyrmak işleri üstünlikli alnyp barylýar. Munuň özi önümçiligiň täze usullary, adamlaryň bilimine, iş endiklerine bildirilýän täze talaplary emele getirýär, sanly ykdysadyýeti ösdürmäge, wagty w

«Siemens» Özbegistanyň elektrik stansiýalaryny gaz turbinalary bilen üpjün edýär

«Siemens» nemes kompaniýasy häzirki wagtda Buharadaky gaz känini we Kaşgaderýadaky ýylylyk elektrik stansiýasyny gaz turbinalary bilen üpjün edýär. Şeýle hem Özbegistanda birnäçe elektrik bekedini gurýar. Bu barada ýurduň Energetika ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär. Maý aýynyň başynda geçirilen özbek-german işewürlik forumynyň çäginde energiýa tygşytlaýjy gaz turbinasyny oturtmak üçin, 72 million ýewro barabar şertnama baglaşyldy. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurtda öndürilýän elektrik energiýasynyň umumy güýji 216 MWt-a deň bolar. Şeýle-de ýylda 1,7 million kWt elektrik energiýasyny öndürmek mümkinçiligi dörär.

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi Türkmenistanda onlýan-söwdaanyň ösmegine ýardam eder

Häzirki wagtda Türkmenistanda 270-e golaý onlaýn-meýdança bar, bu bolsa ýurtda internet-söwdanyň artýan ornuny görkezýär. Onuň ösmegi üçin döwlet derejesinde änyk ädimler ädilýär – diýip, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy Hajymyrat Hudaýgulyýew ITTC-2023 halkara ulag maslahatyndaky çykyşynda nygtady. Agentligiň baştutany elektron täjirçiligiň gowy ýola goýlan logistikanyň serwisleri we eltip berme hyzmaty bolmazdan mümkin däldigini belledi. Bu hyzmatlaryň amatlylygyna we tizligine sarp edijiniň sargyt etjek kompaniýasynyň saýlanyp alynmagy bilen baglydyr.

Ýaşlara dünýä derejesinde bilim-terbiýe bermekde sanly bilim ulgamynyň orny

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda uly ösüşler gazanylýar, beýik işler durmuşa ornaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen durmuşa geçirilýän işler uly üstünlige eýe bolýar. Her bir ösüşiň gözbaşynda bolsa Arkadagly Serdarymyzyň ylma esaslanýan başlangyçlary, döredýän giň mümkinçilikleri bar. Hut şonuň üçin hem ylym-bilim döwrebap ösdürilip, kämil hünärmenler bilen milli ykdysadyýetimiz üpjün edilýär. Kämil hünärmenleriň kemala gelmegi sanly ulgamyň hem ösdürilmegine oňat mümkinçilikleri döredýär. Döwrebap ösüşleriň üpjün edilmegi bolsa sanly ykdysadyýetiň möhüm ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda täze tehnologiýalar yzygiderli ornaşdyrylýar. Sanly tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmaga we peýdalanmaga, olaryň esasynda dolandyryşyň hem-de halkymyza edilýän dürli hyzmatlaryň halkara ülňülerine laýyk getirilmegine uly ähmiýet berilýär. Ýaşlara dünýä derejesinde bilim-terbiýe bermekde sanly bilim ulgamyna aýratyn orun degişlidir. “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň” kabul edilmegi bolsa, bu ugurda alnyp barylýan işlerde has ýokary netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär. Sanly ykdysadyýet, ylmy dilde aňladylsa, emeli aň-düşünjeleri, internet maglumatlary, ylmyň we tehnikanyň gazananlaryny toplamagyň bir bitewi elek

Döwrebap ugur

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşyna gönükdirilen döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda gündelik durmuşymyza sanly ulgamy ornaşdyrmak, elektron senagatyny döretmek, maglumat aragatnaşyk tehnologiýalaryna esaslanýan hyzmat ulgamyny ýola goýmak wezipeleri göz öňünde tutulandyr. Sanly serişdeleriň ykdysadyýetiň pudaklaryna ornaşdyrylmagy we ösdürilmegi esasy önümçilik-dolandyryş işleriň ähli görnüşleriniň awtomatlaşdyrylmagyna we merkezleşdirilen tertipde dolandyrylmagyna uly itergi berýär. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda sanly ulgama esaslanýan bitewi önümçilik we hyzmat ulgamynyň kemala getirilmegi ugrunda işler üstünlikli alnyp barylýar. Häzirki döwürde internet ulgamynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak arkaly dürli hyzmatlar ýerine ýetirilýär.

«Adalat» elektron maglumat toplumy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde we halkara gatnaşyklarynda düýpli, giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 1990 — 2023-nji ýyllar aralygynda kabul edilen Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, Türkmenistanyň Konstitusion kanunlarynyň, Türkmenistanyň kodeksleriniň, Türkmenistanyň kanunlarynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlarynyň we Kararlarynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlarynyň, şeýle hem 1995 — 2023-nji ýyllar aralygynda ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň döwlet belligine alnan kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň soňky girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen üsti ýetirilen ýagdaýyndaky maglumatlary özünde jemleýän «Adalat» elektron maglumat toplumy programmasy taýýarlanylyp, fiziki we ýuridik şahslaryň şol programmadan peýdalanmaklary üçin mümkinçilikler döredildi.

Binagärlikde döwrebap äheňler

Binagärlik-gurluşyk pudagynda innowasiýa tehnologiýalarynyň köp asyrlyk ösüş taryhy bar. Olaryň ösüş taryhy ilkinji kerpijiň oýlanyp tapylmagyndan başlandy. Şondan soň adamlar daşdan, agaçdan, palçykdan salnan binalary kem-kemden terk edip başladylar. Soňra binagärlik sungatyny berkligiň täze derejesine çykaran beton döredildi. Gurluşykçylar betonyň kömegi bilen islendik taslamalar üçin zerur bolan görnüşleriň böleklerini döredip başladylar. Demir-beton bolsa, aşa beýik binalary gurmaga mümkinçilik berdi, eger bu gurluşyk materialy bolmasa, şeýle binalar öz agramynyň aşagynda ýykylyp bilerdi. Häzirki wagtda binagärlik-gurluşyk pudagyna birleşdirilen — kompozit materiallar we aýnaköpügi ýaly täzelikler girizilýär. Emeli intellekt häzirki zaman jaýlarynyň binagärliginiň aýrylmaz bölegine öwrülýär. Ol gajetleri dolandyrýar, öý eýeleriniň özüni alyp baryşlaryna gözegçilik edýär we jaýyň içki infrastrukturasyny olaryň hereketlerine uýgunlaşdyrýar. Gajetler we «akylly» öý enjamlary öz aralarynda biri-biri bilen «aragatnaşyk saklaýarlar». Robotlar bolsa, ozal ýerine ýetirilmesi üçin adamlaryň köp wagtyny alan işleri ýerine ýetirýärler. Häzirki zaman innowasion binagärlik-gurluşyk tehnologiýalarynda aýnaköpügi we kompozitler ýaly aşa berk materiallar öňe çykýar. Bu materiallar ýokary gysyjy güýji we pes temperatura durnuklylygy sebäpli geljekde olaryň kerpijiň we betonyň ýerini eýelem

Döwrebap bank hyzmatlary

Ýurdumyzda bank ulgamyny ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän işlerde innowasion tehnologiýalara esaslanýan töleg we hasaplaşyk amallaryny kämilleşdirmek ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Sanly tehnologiýalaryň ösmegi, kompýuter enjamlarynyň bank ulgamyna giňden ornaşdyrylmagy pul dolanyşygynda serişdeleriň aýlanyş tizliginiň ýokarlanmagyna hem-de hasaplaşyklaryň geçirilişiniň kämilleşdirilmegine mümkinçilik berýär. Bazar gatnaşyklarynda karz edaralary tarapyndan müşderilere hödürlenýän nagt däl hasaplaşyk hyzmatlarynyň ähmiýeti uludyr. Häzirki wagtda bank kartlaryny ulanyjylaryň sanynyň artmagy we olar arkaly nagt däl hasaplaşyklaryň düýpli ösmegi bu ugurda alnyp barylýan özgertmeleriň oňyn netije berýändigini subut edýär.

Internetiň ägirt ensiklopediýasy

Hemmeler üçin elýeterli, köpdilli, köpugurly internet ensiklopediýasy bolan «Wikipediýa» bu gün tutuş dünýäden habar berýär. Biz «Google» gözleg ulgamyndan kim hakynda, nire, näme barada sorasak, gözlesek, onuň sahypasynda, ilki bilen, «Wikipediýa» diýen saýty görýäris. Eger oňa kesgitleme bermeli bolsa: «Wikipediýa — «Google» ulgamynyň millionlarça damaryny özünde birleşdirýän ýüregi» diýsek ýalňyş bolmaz. Bu ensiklopediýada tutuş älem eliň aýasynda ýaly görünýär.

Sanly ulgam durmuşymyzda

Aşgabat — bagtyň hem söýginiň şäheri. Köňülleriň ylhamy, ýürekleriň joşguny. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen dünýä ýüzünde dost-doganlygyň mekanyna öwrülen gözel Watanymyz, paýtagtymyz, Aziýanyň merjeni Aşgabat parahatlyk merkezi, bagtyýarlyk mekany. Ol şahyrlaryň çeper şygyrlarynda, bagşy-sazandalaryň şirin aýdym-sazlarynda, sungat ussatlarynyň kämil eserlerinde wasp edilip, tarypy dünýä dolýar. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýaşaýan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlarymyz öz hekaýadyr oýlanmalarynda, kyssadyr goşgularynda Watanymyzyň, paýtagtymyzyň waspyny şeýle beýan edýärler. Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn sazlaşykly kemala gelmeginde ähli zerur şertler döredilýär, bilim ulgamynyň işi has-da kämilleşdirilýär. Hemmämize mälim bolşy ýaly, şu ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy okap, öwrenip, kämil hünärmenler hökmünde aýdyň geljegi gurýan ýaşlarymyza belent ynamy aňladýar. Şol ynam ösüp gelýän ýaş nesilleri tutanýerli zähmet çekmäge, ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrýar.

Ýaş nesle bilim-terbiýe bermekde multimediýa tehnologiýalarynyň orny

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe parahat ýaşaýşyň hözirini görýän türkmen halkymyz ýurdumyzyň geljeginiň eýeleri bolan ýaş nesillerimize, olaryň edep-terbiýesine uly üns berip, bu babatda çäksiz uly işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň bimöçber tagallalary esasynda ýaşlara dünýä ülňülerine laýyk bilim bermek, olaryň saglygyny goramak maksady bilen, eziz Diýarymyzyň ähli künjeginde döwrebap çagalar baglary, okuw mekdepleri, sagaldyş-dynç alyş merkezleri gurlup ulanylmaga berilýär. Okuw-terbiýeçilik edaralary ösen ylmy-innowasion tehnologiýalar, interaktiw-multimediýa enjamlary, kompýuterler bilen doly üpjün edilýär. Bu bolsa biziň röwşen geljegimiz bolan bagtyýar nesillerimize tälim-terbiýe bermegiň netijeliligini artdyryp, olaryň kämil tehnologiýalary ele almaklaryna we ylym, bilim, hünär öwrenmeklerine giň ýol açýar. Başlangyç synplar umumybilim berýän mekdebiň ilkinji basgançagy bolup, olarda ene dili dersi esasy orna eýedir. Bu ders boýunça okuwçylaryň sözleýiş medeniýeti kämilleşdirilýär. Olar sesleri seljerip bilýärler. Sözleriň sesler boýunça biri-birinden tapawutlanýandygyna düşünýärler, diktantyň dürli görnüşlerini ýazmagy başarýarlar. Umumybilim berýän orta mekdepleriň başlangyç bilim derejesiniň bilim maksatnamalary okuwçynyň şahsy ukyplarynyň we başarnyklarynyň, bilim en-dikleriniň ösmegine, okamak, ýazmak, hasapla

«Belet Film» we «Älem TV» hyzmatlaryna indi «Çapar» goşundysy arkaly töleg edip bolýar

«Çapar» mobil goşundysynyň kömegi bilen indi Türkmenistanyň raýatlary «Belet Film» onlaýn-kinoteatry we «Älem TV» hemra aragatnaşygy esasyndaky teleýaýlym hyzmatlaryna ýeňil hem-de tiz töleg geçirip bilerler. «Çapar» — bu peýdalanylýan köp sanly hyzmatlar üçin amatly we islendik ýerde töleg geçirmek mümkinçiligidir.

«TM Trade» onlaýn-platformasy Türkmenistanda we daşary ýurtlarda işewürligi ilerletmek boýunça hyzmatlaryny hödürleýär

«TM Trade» – bu kiçi we orta telekeçiligiň wekillerine giň köpçüligi öz iş ugurlary bilen tanyşdyrmak, haryt nyşanynyň meşhurlygyny artdyrmak, täze hyzmatdaşlary, müşderileri hem-de haryt bilen üpjün edijileri tapmak üçin amatly we ýeňil usuldyr. Ulgamyň hödürleýän hyzmatlary kompaniýanyň şahsy profilini ýa-da web-sahypasyny döretmegi, şeýle hem «TM Trade-de» mahabat bannerlerini hem-de satyn almak we satmak üçin bildirişleri ýerleşdirmegi öz içine alýar. trade.com.tm internet-platformasyny döredenler üçin «TM Trade» usulynyň täsirli we amatly bolmagy örän wajypdyr. Şonuň üçin hem hyzmatlaryň we önümleriň sanawy 20-den gowrak kategoriýalara bölünendir, kärhanalar bolsa iş ugurlary we sebitler boýunça tapawutlandyrylyp, olaryň gysgaça maglumatlary we suratlary ýerleşdirilendir.

Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmakda taýsyz tagallalar

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda”, beýleki milli maksatnamalarda ylym-bilim ulgamyny kämil derejede ösdürmek, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak ugrunda kesgitlenen wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde bu ulgamy kämilleşdirmek üçin anyk maksatlar öňde goýuldy. Bu maksatlary amala aşyrmak üçin uly mümkinçilikler, şertler döredildi. Ýurdumyzda bilim we ylym ulgamlarynda özgertmeleri geçirmek bilen bagly täze wezipeler kesgitlendi. Arkadagly Serdarymyzyň belleýşi ýaly, bu wezipeler ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, dünýädäki abraý-mertebesiniň has-da ýokarlanmagynyň ygtybarly kepili bolup durýar. Sanly bilimi ösdürmek, ilkinji nobatda, bilim ulgamynda zähmet çekýän mugallymlardyr hünärmenleriň, şeýle-de, bilim alýan talyplaryň häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarmaklaryny ýüze çykarýar. Biziň okuwçylarymyz okuw sapaklarynda, şeýle hem sapakdan daşary işlerde sanly bilimiň gazananlary, ondan peýdalanmagyň usullary hakynda düşünjelerini yzygider artdyrýarlar, innowasion gollanmalary we maksatnamalary öwrenýärler. Häzirki zaman innowasion tehnologiýalarynyň bilimi kämilleşdirmekdäki hyzmatyny we ähmiý