“Rockwell Automation” kompaniýasy Türkmenistana awtomatlaşdyryş çözgütlerini hödürleýär

11 Maý 2023
966

Dünýädäki iň uly senagat awtomatizasiýasy we sanly aragatnaşyk bilen meşgullanýan “Rockwell Automation” kompaniýasy Azerbaýjana we Türkmenistana hyzmatlary bermek üçin “AB Market” kompaniýasy bilen bilelikde giňeldilen hyzmatdaşlygy yglan etdi.

“Rockwell Automation” kompaniýasynyň resmi distribýutory bolan “AB Market” kompaniýasy häzirki wagtda Türkiýede iş alyp barýar we ýakyn wagtda Azerbaýjanda we Türkmenistanda edara görnüşli tarap döreder. Bu barada “Rockwell Automation” kompaniýasynyň geçen aýyň ahyrynda çap edilen metbugat beýanatynda mälim edildi.

Beýleki habarlar