Orta mekdeplerde okuw sapaklaryny guramagyň innowasion usullary

12 Maý 2023
993

Häzirki global dünýäniň yzygiderli sanly ulgama geçýän döwründe ylym we tehnologiýa iňňän çalt depginde ösýär. Bu ösüş biziň gündelik ýaşaýşymyza düýpli täsir edýär. Ylym bilen tehnologiýanyň utgaşýan ýerleri kompýuter, ykjam telefon, proýektor, işjeň tagta, internet tory we şoňa meňzeş serişdeler bolup durýar. Adamlaryň esasy kompýuter bilimini öwrenmekleri we şol bilimi häzirkizaman ýaşaýyşda ulanmaklary özleriniň we indiki nesilleriň ugrukdyrylmagy hem-de olara ýol görkezmekligi jähtden wajypdyr. Bu babatda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda hem möhüm işler alnyp barylýar. Çünki ýurduň her bir körpe neslinden başlap, ähli raýatlarynyň kompýuter sowatlylygyny bilmegi bu günki gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňe sürýän baş taglymatlarynyň biridir.

Bilim tehnologiýasy ylym we tehnologiýa düşünjelerinden emele gelýän funksional gurluş we bilimiň esasy bir ugry bolup durýar. Bu tehnologiýanyň emele getirilmeginde ilki başda bilim ugurlary bolmak bilen degişli bilim pudaklaryna hem-de jemgyýetiň özboluşly häsiýetlerine we tejribeniň şertlerine hem-de mümkinçiliklerine esaslanylýar. Mälim bolşy ýaly, bilimiň bitewiligini emele getirýän üç sany esasy zat: ylym, tehnologiýa we tejribe bolup durýar. Şol sebäpli bilim tehnologiýasy bilim ylymlary we bilim tejribe bilen bir bitewiligi döredýän esasy bilim ugry bolup durýar. Bilimdäki tehnologiki ösüşler sosial ösüşiň bir bitewiligine öwrüldi we durmuşyň her bir pudagynda üýtgeşikliklere sebäp boldy. Tehnologiýa serişdelerini ussatlyk bilen ulanýan mugallymlar jemgyýete ýokary hünärli hünärmenleriň ýetişdirilmeginde uly rol oýnaýarlar. Şu nukdaýnazardan häzirki döwürde ylymdaky we tehnologiýadaky çalt depginli öňegidişlikler biziň ýaşaýyş keşbimize täsir edýär we ony özgerdýär.

Beýleki habarlar