Döwrebap bank hyzmatlary

24 Aprel 2023
1193

Ýurdumyzda bank ulgamyny ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän işlerde innowasion tehnologiýalara esaslanýan töleg we hasaplaşyk amallaryny kämilleşdirmek ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Sanly tehnologiýalaryň ösmegi, kompýuter enjamlarynyň bank ulgamyna giňden ornaşdyrylmagy pul dolanyşygynda serişdeleriň aýlanyş tizliginiň ýokarlanmagyna hem-de hasaplaşyklaryň geçirilişiniň kämilleşdirilmegine mümkinçilik berýär.

Bazar gatnaşyklarynda karz edaralary tarapyndan müşderilere hödürlenýän nagt däl hasaplaşyk hyzmatlarynyň ähmiýeti uludyr. Häzirki wagtda bank kartlaryny ulanyjylaryň sanynyň artmagy we olar arkaly nagt däl hasaplaşyklaryň düýpli ösmegi bu ugurda alnyp barylýan özgertmeleriň oňyn netije berýändigini subut edýär.

Ogulmaýsa AMANDURDYÝEWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
Beýleki habarlar