«Siemens» Özbegistanyň elektrik stansiýalaryny gaz turbinalary bilen üpjün edýär

8 Maý 2023
867

«Siemens» nemes kompaniýasy häzirki wagtda Buharadaky gaz känini we Kaşgaderýadaky ýylylyk elektrik stansiýasyny gaz turbinalary bilen üpjün edýär. Şeýle hem Özbegistanda birnäçe elektrik bekedini gurýar. Bu barada ýurduň Energetika ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

Maý aýynyň başynda geçirilen özbek-german işewürlik forumynyň çäginde energiýa tygşytlaýjy gaz turbinasyny oturtmak üçin, 72 million ýewro barabar şertnama baglaşyldy. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurtda öndürilýän elektrik energiýasynyň umumy güýji 216 MWt-a deň bolar. Şeýle-de ýylda 1,7 million kWt elektrik energiýasyny öndürmek mümkinçiligi dörär.

Taýýarlan: Wepa HOJAMYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby.
Beýleki habarlar