Ýaşlara dünýä derejesinde bilim-terbiýe bermekde sanly bilim ulgamynyň orny

8 Maý 2023
819

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda uly ösüşler gazanylýar, beýik işler durmuşa ornaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen durmuşa geçirilýän işler uly üstünlige eýe bolýar. Her bir ösüşiň gözbaşynda bolsa Arkadagly Serdarymyzyň ylma esaslanýan başlangyçlary, döredýän giň mümkinçilikleri bar. Hut şonuň üçin hem ylym-bilim döwrebap ösdürilip, kämil hünärmenler bilen milli ykdysadyýetimiz üpjün edilýär. Kämil hünärmenleriň kemala gelmegi sanly ulgamyň hem ösdürilmegine oňat mümkinçilikleri döredýär. Döwrebap ösüşleriň üpjün edilmegi bolsa sanly ykdysadyýetiň möhüm ugurlarynyň biridir.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda täze tehnologiýalar yzygiderli ornaşdyrylýar. Sanly tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmaga we peýdalanmaga, olaryň esasynda dolandyryşyň hem-de halkymyza edilýän dürli hyzmatlaryň halkara ülňülerine laýyk getirilmegine uly ähmiýet berilýär. Ýaşlara dünýä derejesinde bilim-terbiýe bermekde sanly bilim ulgamyna aýratyn orun degişlidir. “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň” kabul edilmegi bolsa, bu ugurda alnyp barylýan işlerde has ýokary netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär. Sanly ykdysadyýet, ylmy dilde aňladylsa, emeli aň-düşünjeleri, internet maglumatlary, ylmyň we tehnikanyň gazananlaryny toplamagyň bir bitewi elektron ulgamydyr. Şunda uly göwrümli maglumatlary kynçylyksyz özleşdirip, ulgamlaşdyryp we seljerip bolýar.

Beýleki habarlar