"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Sanly ulgam: amat­ly­lyk, çalt­lyk, tyg­şyt­ly­lyk

Sanly ulgam we maglumat tehnologiýalary durmuşyň ähli ugurlaryna aralaşyp, olaryň ösmegine özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Döwletimiziň depginli ösüşini artdyrmak we şol sanda durmuş-ykdysady ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» tassyklanyldy. Oňa laýyklykda ýurdumyzyň dürli pudaklarynda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak boýunça yzygiderli işler amala aşyryldy. Milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça giň gerimli çäreler durmuşa geçirildi. Amatlylyk, çaltlyk, tygşytlylyk ýaly düşünjeler bilen berk bagly bolan sanly ulgam ykdysadyýetiň dürli pudaklary boýunça täze innowasion we sanly tehnologiýalar, elektron resminamalar dolanyşygy hem-de elektron şahsyýetnamalar ulgamy, sazlaşykly işleýän elektron senagaty ýaly tapgyrlaýyn işleri ýola goýýar.

Täze mümkinçilikleriň açary

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýär. Şeýle işleriň hatarynda sanly ulgamy ösdürmek, kämil hünärmenler bilen ykdysadyýetimiziň pudaklaryny üpjün etmek wezipesi möhüm orna eýedir. Häzir ylmyň we tehnikanyň kämilleşdirilýän, adamzadyň intellektual baýlygynyň artdyrylýan, innowasiýalaryň we ýokary tehnologiýalaryň ösýän döwrüdir. Bu gün jemgyýeti döwrebap innowasion tehnologiýalardan we aragatnaşyk serişdelerinden üzňe göz öňüne getirmek kyn. Hut şoňa görä-de, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklaryna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak güýçli depginde alnyp barylýar. Şunda hünärmenleriň bilim derejesi we ylmyň iň täze gazananlaryndan habarly bolmaklary esasy orunda durýar. Adamzadyň gündelik durmuşy innowasiýalaryň, sanly tehnologiýalaryň esasynda gün-günden gowulanýar. Sanly tehnologiýalar ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygynyň we zähmet öndürijiliginiň ýokarlanmagyny, täze hünär ugurly iş orunlarynyň döredilmegini, ykdysady ösüşiň höweslendirilmegini, maglumatlaryň elýeterliligini we täze bazarlara çykmak mümkinçiliklerini artdyrýar. Bularyň ählisi sanly ulgamyň oňat mümkinçiliklere eýedigini, döwrebap şertleri döredýändigini aýdyň görkezýär.

«Digital Bridge 2023» atly halkara forumynda - tehnologiýa döwrüne emeli aň we täze IT çözgütlerini ornaşdyrmak meselelerine garaldy

2023-nji ýylyň 12-13-nji oktýabry aralygynda Sanly ulgamy we emeli aňy köp ugurda köpçülikleýin ösdürmek we durmuşa geçirmek, IT pudagynyň ylmy-tehnologiki pikirleri we olaryň taslamalaryny pudaklara ornaşdyrmak boýunça «Digital Bridge 2023» atly halkara forumy Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirildi. Ýokary derejeli foruma 30-dan gowrak ýurduň 20000-den gowrak ygtyýarly wekilleri, 300-den gowrak IT-kompaniýalary, şol sanda «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy Hajymyrat Hudaýgulyýewiň ýolbaşçylygynda wekiliýeti gatnaşdy.

Bilimli ýaşlar — ýurduň röwşen geljegi

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaş nesilleriň döwrebap bilim almagy, sport we bedenterbiýe bilen yzygiderli meşgullanyp, sagdyn bedenli, belent ruhly, giň dünýägaraýyşly, kämil adamlar bolup ýetişmegi ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaşlara uly ynam bildirýär. Hormatly Prezidentimiz kämil ýaş nesillere ata Watanymyzyň beýik geljegini gurujylar hökmünde örän ýokary baha berýär. Bu barada Arkadagly Gahryman Serdarymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda ýokary derejede geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çuň many-mazmunly çykyşynda hem aýratyn nygtap belledi. Hormatly Prezidentimiz şol çykyşynda döwrüň talaplaryndan ugur alyp, ýaşlara berilýän bilimiň hilini we mazmunyny, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek bilen bagly möhüm wezipeleri hem kesgitläp berdi. Milli Liderimiziň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bildirýän belent ynamy ýaşlary täze üstünliklere, Watanymyzyň halkara abraýyny dürli ugurlarda has-da belende galdyrýan ýeňişlere ruhlandyrýar. Muňa türkmen talyplarynyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ylym-bilim, sport, medeniýet we sungat ýaly dürli ugurlarda gazanýan uly üstünlikleri-de aýdyň mysallardyr.

«Ýokary tehnologiýalar we innowasion işläp taýýarlamalar» atly halkara bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde «Ýokary tehnologiýalar we innowasion işläp taýýarlamalar» atly halkara bäsleşigiň jemleri jemlenildi hem-de onuň ýeňijileri yglan edildi. Ýeňijileri sylaglamak dabarasy Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda, «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň çäklerinde geçirildi. Bäsleşik şu ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, Bilim ministrligi we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan yglan edilipdi.

Iň ähmiýetli innowasiýalar

Häzirki döwürde sportda we bedenterbiýede innowasion tehnologiýalaryň eýeleýän orny barha ýokarlanýar. Kompýuter maksatnamalarynyň hem-de ulgamlarynyň ösmegi türgenleşikleri has netijeli guramaga, oýunlara düzedişleri girizmäge we türgenlere zerur bolan psihologik kömegi bermäge ýardam edýär. Täze tehnologiýalaryň bir böleginiň sport işine ýetirýän täsiri aýratyn uludyr. Rus hünärmenleri tarapyndan iri göwrümli maglumatlaryň aň-paýhas seljermesini geçirmek esasynda haýsy tehnologiýalaryň kömeginden sportda has köp peýdalanylýandygy kesgitlenilipdir. Olara baha berlende her biriniň ulanylýan ugurlary we geljekki mümkinçilikleri nazara alnypdyr. Şeýle ugurlara «akylly» sport desgalary, toparlaryň we türgenleriň netijeleriniň ýokarlanmagy, janköýerleriň sanly tejribesi we ýaryşlaryň ýaýlymda görkezilmegi girizilipdir.

“RŽD” maşinistsiz dolandyrylýan otlyny işläp taýýarlaýar

“Russiýa demir ýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hünärmenleri maşinistsiz hereket edýän otlyny döretmegi meýilleşdirýärler. Bu barada kompaniýanyň baş direktory Oleg Belozerow mälim edýär. Maşinistsiz dolandyrylýan otly awtomatlaşdyrmagyň 4-nji derejesi bilen rus platformasynda dörediler. Onda otlynyň wagonlaryny uzak aralykdan dolandyrmak maksat edilýär.

Tehnologiýalar äleminde

Täsin awtoulag «BAW» kompaniýasy Hytaýda «Jishi 01» atly üýtgeşik awtoulagy görkezdi. «Jishi 01» kompaniýanyň ilkinji düýbünden täze döreden awtoulagy hasaplanylýar. Onuň uzynlygy 5,3  metr bolup, awtoulagda ýolagçy üçin 6 — 7 oturgyç ýerleşdirilendir. Içinde sanly gural paneli we uly ekranly media ulgamy bar. Ýolagçylar üçin bolsa aýratyn başga bir ekran oturdylandyr. Mundan başga-da, telefonlar üçin iki simsiz zarýad beriji we yzky gapyda bolsa kiçijik aşhana bar. Aşhanada suw krany we nahar bişirmek üçin açylyp-ýapylýan stol hem bar.

Jümle-jahan habarlary

Ösen tehnologiýalaryň ýurdy Singapur şäher-döwleti ylym we tehnika babatda dünýäniň iň öňdebaryjy merkezleriniň biridir. Onuň umumy çäginiň 30 göterimi seýilgähler we baglar bilen örtülendir. Olaryň sany 350-den geçýär. Şäher boýunça hereket edeniňde, döwrebap tehnologiýalaryň mümkinçiklerini her ädimde diýen ýaly görmek bolýar. Ekwatorda ýerleşýän bu şäherde howanyň ýylylyk derejesi ýylboýy 25 — 30 derejede üýtgewsiz saklanýar. Ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň käbiri Aziýanyň iň gowy uniwersitetleriniň sanawynda öňdäki orunlary eýeleýär. Şonuň ýaly-da Singapur dünýäniň iň howpsuz şäherleriniň biridir. Ýer ýüzüniň iň uly maliýe merkezleriniň biri hasaplanylýan bu şäherde dünýä banklarynyň 130-dan gowragy jemlenendir. «Ýaşyl» şäher adyny alan Singapurda gülleriň hem-de agaçlaryň dürli görnüşlerine duşmak bolýar.

“Türkmenaragatnaşyk” german kompaniýalaryny IT taslamalara gatnaşmaga çagyrdy

“Türkmenaragatnaşyk” agentligi german kompaniýalaryny hyzmatdaşlyk we maýa goýum üçin birnäçe taslamalara gatnaşmaga çagyrdy. Şolaryň hatarynda maglumat merkezini döretmek, optiki süýüm geçirijilerini we serwer enjamlaryny öndürýän bilelikdäki kärhanany gurmak, “akylly” şäherleri dolandyrmak we olaryň IT ulgamyny ösdürmek, “Aşgabat şäher telefon ulgamy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň simsiz aragatnaşyk ulgamyna täze tehnologiýalary ornaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak, bu pudagyň hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak we taýýarlamak ýaly taslamalar bar.  Ýewropa ugry boýunça Hazar deňziniň düýbünden optiki süýümli aragatnaşyk ulgamyny gurmak german işewürleriniň gatnaşmagynda geljegi uly taslamalaryň hatarynda görkezildi.

Ýokary tehnologiýalara we innowasiýalara esaslanýan milli ykdysadyýet

Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyzyň ykdysadyýetinde ägirt uly özgerişler amala aşyryldy, durnukly ösüşiň binýady pugtalandyryldy. Älemi haýrana goýýan özgerişleriň, bedew batly ösüşleriň şöhratly eýýamynda - Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyzda gazanylýan buýsandyryjy ösüşler ýurdumyzyň täze taryhynyň altyn sahypalaryny zer setirleri bilen bezeýär. Ýurdumyzda gazanylýan ähli üstünliklerimiziň gözbaşynda Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän beýik işleri bardyr. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmäge, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen düýpli maliýe özgertmeler ykdysady ösüşiň esasy bolup durýar we durmuşa geçirilýär. Milli ykdysadyýetiň ähli pudaklary bilen bir hatarda, sanly tehnologiýalar ulgamynyň güýçli depginlerde ösmegi, ilatymyza häzirki zaman ýokary hilli internet hyzmatlarynyň elýeterli bolmagy maglumatlaryň giň gerimini seljermäge we aragatnaşygyň täze hem ykjam görnüşlerini durmuşa ornaşdyrmaga oňyn şertleri döredýär. Bu bolsa sanly ulgamyň diňe şu gününiň däl, eýsem, geljeginiň hem ösüşli bolmagyny üpjün edýär. Esasy zat ýurdumyzda häzirki wagtda ösen tehnologiýalaryň önümçiligi ýola goýuldy. Munuň özi bu ugruň ösdürilmeginde täze mümkinçilikleri döredýär.

«Yandex» dükanlarynda «Alica» ses kömekçisi arkaly önümleri sargyt etmek hyzmaty ýola goýuldy

«Yandex» kompaniýasy üç ýyldan soň ilkinji gezek harytlaryň söwdasy üçin «Alica» ses kömekçisiniň mümkinçiliklerini giňeltdi. Ýagny «Yandex» dükanynyň müşderileri indi «akylly» enjamlarda ses arkaly azyk hem-de beýleki harytlary sargyt edip bilerler. Täze funksiýa örän ýönekeý bolup, söwda etmek üçin gerekli önümleriň sanawyny aýtmak, meselem, «pomidor» ýa-da «ýaglylygy 3,2% süýt» diýmek ýeterlikdir. «Yandex» dükanynyň ses arkaly söwda etmek mümkinçiligi häzirlikçe Russiýanyň Moskwa we Sankt-Peterburg şäherleriniň ilaty üçin elýeterlidir.

Jümle-jahan habarlary

Ilkinji sanly ýolagçy pasportlary Finlýandiýa dünýäde ilkinji bolup syýahatçylar üçin niýetlenilen sanly pasportlary ulanyşa girizdi. Indi ýolagçylara howa menziline ugranlarynda ýany bilen şahsyýetnamalarynyň ýerine diňe degişli goşundy arkaly sanly ýolagçy resminamalarynyň elektron nusgalary ýerleşdirilen smartfonyny almak ýeterlikdir. Häzirlikçe bu hyzmat Helsinkiden Mançester, London, Edinburg şäherlerine amala aşyrylýan uçuşlar üçin ýola goýuldy. Emma taslamanyň hünärmenleri bu hyzmatyň geljek ýylyň fewral aýyna çenli ähli halkara uçuşlary üçin elýeterli boljakdygyna ynam bildirýärler. Bu täze hyzmatyň ýola goýulmagy howa menzillerinde ýolagçylaryň wagtyny üç essä golaý tygşytlamaga mümkinçilik berýär. Ýurduň hökümeti 2030-njy ýyla çenli ýolagçylaryň 80 göterimini sanly ýolagçy pasportlaryna geçirmegi maksat edinýär.

Jümle-jahan habarlary

Ýene bir dünýä rekordy Birleşen Arap Emirlikleriniň Hajar dagynyň belent gerşindäki «HATTA» diýen nyşan dünýäde iň uly nyşan hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Beýikligi 19,28 metre barabar bolan, uzaklardan görünýän bu ýazgy Hattanyň iň meşhur nyşanlarynyň biridir. Täze dünýä rekordy sebitde 15-nji sentýabrda badalga alan syýahatçylyk möwsüminiň öň ýanynda goýuldy. Hatta ýurduň syýahatçylyk merkezleriniň biri bolup, bu ýerde ýokary hilli hyzmatlaryň dürli görnüşleri teklip edilýär. Döränine 200 million ýyl bolan Hajar dagynyň täsinlikleri, tebigy ýadygärlikleri köpleriň ünsüni özüne çekýär. Geljek ýyllarda Hattada syýahatçylyk işini has-da ösdürmek, şonuň hasabyna goşmaça girdeji gazanmak maksat edinilýär.

Arkadagly Serdarymyz Merkezi Aziýa ýurtlarynyň täze tehnologiýalar boýunça Geňeşini döretmekligi teklip etdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň täze tehnologiýalar boýunça Geňeşini döretmekligi teklip etdi. «Merkezi Aziýada döwletleriň bähbitleriniň we maksatlarynyň ygtybarly üpjün edilmegi we durmuşa geçirilmegi zerur bolup durýan ýene-de bir ulgam innowasiýalar we täze tehnologiýalar bilen baglanyşyklydyr» – diýip, döwlet Baştutanymyz öz çykyşynda aýratyn belledi.

Ýaponiýa Aýa gonýan enjamly raketa uçurdy

Enjam älemi rentgen gözegçiligi we spektrokopiýa usuly arkaly öwrenmäge niýetlenendir. Ylmy-barlag astrofiziklere Älemde iri gurluşlaryň ösüşini we bölünişini hem-de galaktikalaryň emele gelşini öwrenmekde ýardam eder. Teleskop äpet galaktiki toplanmalary öwrener. Tutum şowly bolan halatynda Ýaponiýa Aýa enjam gondurmagy başaran bäşinji ýurt bolar.

“Emirates” awiakompaniýasy köp dil bilýän robotlary işe girizýär

“Emirates” awiakompaniýasy Dubaý şäheriniň howa menzilinde ýolagçylary hasaba almak işini çaltlandyrmak üçin 200 sany “köp dil bilýän” robotlary işe girizmegi meýilleşdirýär. Bellenişi ýaly, Dubaýyň Halkara howa menzili dünýäniň iň köp gelim-gidimli aeroportlarynyň biridir.  Köp dil bilýän – poliglot robotlaryň ilkinjileri ýerli howa gatnawlaryna ýolagçylary hasaba alyş ýerinde ýakyn 2 aýyň içinde ulanylyp başlanar. Synag döwri üstünlikli tamamlanandan soň, poliglot robotlary ornaşdyrmak taslamasy 2 ýylyň dowamynda ýerine ýetiriler. 

Russiýanyň barlag nokatlarynyň 3-sine elektron nobat ulgamy işe girizildi

1-nji sentýabrdan Russiýa Federasiýasy döwlet serhedindäki üç sany barlag nokadynda ýük ulaglarynyň ýurda girmek üçin senesini we wagtyny mugt elektron öňünden nobata durmagyň sanly ulgamyny işe girizdi. Bu barada Rosgranstroýyň metbugat gullugy habar berdi. Ýük awtoulaglary üçin girizilen elektron nobaty aşakdaky serhet barlag nokatlaryna girizildi.

Arkadag şäherinde aragatnaşyk hyzmatlary sanly çözgütler esasynda doly güýjünde işleýär

Täze «akylly» we «ýaşyl» şäher - Arkadag şäheri dürli maksatly binalar toplumy bilen tutuşlygyna häzirki zaman kämil tehnologiýalary we sanly çözgütleri özünde jemleýär. «Akylly» şäher konsepsiýasynyň ýörelgeleri esasynda gurlan ajaýyp şäher – Arkadag şäherinde sanly ulgamy ornaşdyrmak, döwrebap kommunikasiýa tehnologiýalaryny gurnamak işleri «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça Döwlet komiteti tarapyndan alnyp baryldy.    

Megapolis — giň mümkinçilikleriň meýdany

«Akylly» şäherde döwrüň talaplaryna laýyk enjamlaşdyrylan dolandyryş, işewürlik, durmuş, ulag-aragatnaşyk ulgamlarynyň we beýleki pudaklaryň döredilmegi ykdysadyýetiň täze «ösüş nokadynyň» kemala gelendiginden habar berýär. Dünýäde döwletleriň «akylly» şäher başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmegi ählumumy meseleleri çözmäge, wagty we dürli tebigy serişdeleri ykdysady taýdan tygşytlamaga hem rejeli ulanmaga ýardam berýär. Şäher infrastrukturasy onuň sanlylaşdyrylmagynyň derejesini kesgitlemekde esasy görkeziji bolup durýar. Häzirki döwürde şäher infrastrukturasyny mundan beýläk-de sanlylaşdyrmak ugrunda dünýä ýurtlarynda uly üstünlikler gazanylýar. Jaýlary awtomatlaşdyrylan tertipde dolandyrmagyň üstüniň täze gurallar we wirtual kömekçiler bilen doldurylmagy soňky döwürde sanly çözgütleriň has köp durmuşa geçirilmegini şertlendirdi. Şunda ilat nokatlarynyň döredýän mümkinçilikleri, saglygy goraýyş hyzmatlarynyň derejesi we elýeterliligi, howpsuzlygy, mobillik we ösüşiň geljekki ugurlary ýaly ykdysady we tehnologik görkezijilere aýratyn üns berilýär.