Jümle-jahan habarlary

27 Sentýabr 2023
861

Ilkinji sanly ýolagçy pasportlary

Finlýandiýa dünýäde ilkinji bolup syýahatçylar üçin niýetlenilen sanly pasportlary ulanyşa girizdi. Indi ýolagçylara howa menziline ugranlarynda ýany bilen şahsyýetnamalarynyň ýerine diňe degişli goşundy arkaly sanly ýolagçy resminamalarynyň elektron nusgalary ýerleşdirilen smartfonyny almak ýeterlikdir. Häzirlikçe bu hyzmat Helsinkiden Mançester, London, Edinburg şäherlerine amala aşyrylýan uçuşlar üçin ýola goýuldy. Emma taslamanyň hünärmenleri bu hyzmatyň geljek ýylyň fewral aýyna çenli ähli halkara uçuşlary üçin elýeterli boljakdygyna ynam bildirýärler. Bu täze hyzmatyň ýola goýulmagy howa menzillerinde ýolagçylaryň wagtyny üç essä golaý tygşytlamaga mümkinçilik berýär. Ýurduň hökümeti 2030-njy ýyla çenli ýolagçylaryň 80 göterimini sanly ýolagçy pasportlaryna geçirmegi maksat edinýär.

(Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy).
Beýleki habarlar