Jümle-jahan habarlary

20 Sentýabr 2023
997

Ýene bir dünýä rekordy

Birleşen Arap Emirlikleriniň Hajar dagynyň belent gerşindäki «HATTA» diýen nyşan dünýäde iň uly nyşan hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Beýikligi 19,28 metre barabar bolan, uzaklardan görünýän bu ýazgy Hattanyň iň meşhur nyşanlarynyň biridir. Täze dünýä rekordy sebitde 15-nji sentýabrda badalga alan syýahatçylyk möwsüminiň öň ýanynda goýuldy. Hatta ýurduň syýahatçylyk merkezleriniň biri bolup, bu ýerde ýokary hilli hyzmatlaryň dürli görnüşleri teklip edilýär. Döränine 200 million ýyl bolan Hajar dagynyň täsinlikleri, tebigy ýadygärlikleri köpleriň ünsüni özüne çekýär. Geljek ýyllarda Hattada syýahatçylyk işini has-da ösdürmek, şonuň hasabyna goşmaça girdeji gazanmak maksat edinilýär.

(Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy).
Beýleki habarlar