Sanly ulgam: amat­ly­lyk, çalt­lyk, tyg­şyt­ly­lyk

16 Oktýabr 2023
1025

Sanly ulgam we maglumat tehnologiýalary durmuşyň ähli ugurlaryna aralaşyp, olaryň ösmegine özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Döwletimiziň depginli ösüşini artdyrmak we şol sanda durmuş-ykdysady ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» tassyklanyldy. Oňa laýyklykda ýurdumyzyň dürli pudaklarynda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak boýunça yzygiderli işler amala aşyryldy. Milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça giň gerimli çäreler durmuşa geçirildi.

Amatlylyk, çaltlyk, tygşytlylyk ýaly düşünjeler bilen berk bagly bolan sanly ulgam ykdysadyýetiň dürli pudaklary boýunça täze innowasion we sanly tehnologiýalar, elektron resminamalar dolanyşygy hem-de elektron şahsyýetnamalar ulgamy, sazlaşykly işleýän elektron senagaty ýaly tapgyrlaýyn işleri ýola goýýar.

Sahyberdi JAFAROW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň agzasy.
Beýleki habarlar