“Türkmenaragatnaşyk” german kompaniýalaryny IT taslamalara gatnaşmaga çagyrdy

4 Oktýabr 2023
977

“Türkmenaragatnaşyk” agentligi german kompaniýalaryny hyzmatdaşlyk we maýa goýum üçin birnäçe taslamalara gatnaşmaga çagyrdy. Şolaryň hatarynda maglumat merkezini döretmek, optiki süýüm geçirijilerini we serwer enjamlaryny öndürýän bilelikdäki kärhanany gurmak, “akylly” şäherleri dolandyrmak we olaryň IT ulgamyny ösdürmek, “Aşgabat şäher telefon ulgamy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň simsiz aragatnaşyk ulgamyna täze tehnologiýalary ornaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak, bu pudagyň hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak we taýýarlamak ýaly taslamalar bar. 

Ýewropa ugry boýunça Hazar deňziniň düýbünden optiki süýümli aragatnaşyk ulgamyny gurmak german işewürleriniň gatnaşmagynda geljegi uly taslamalaryň hatarynda görkezildi.

Beýleki habarlar