Tehnologiýalar äleminde

4 Oktýabr 2023
873

Täsin awtoulag

«BAW» kompaniýasy Hytaýda «Jishi 01» atly üýtgeşik awtoulagy görkezdi. «Jishi 01» kompaniýanyň ilkinji düýbünden täze döreden awtoulagy hasaplanylýar. Onuň uzynlygy 5,3  metr bolup, awtoulagda ýolagçy üçin 6 — 7 oturgyç ýerleşdirilendir. Içinde sanly gural paneli we uly ekranly media ulgamy bar. Ýolagçylar üçin bolsa aýratyn başga bir ekran oturdylandyr. Mundan başga-da, telefonlar üçin iki simsiz zarýad beriji we yzky gapyda bolsa kiçijik aşhana bar. Aşhanada suw krany we nahar bişirmek üçin açylyp-ýapylýan stol hem bar.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan
Mahym AŞYROWA.
Beýleki habarlar