Jümle-jahan habarlary

4 Oktýabr 2023
1037

Ösen tehnologiýalaryň ýurdy

Singapur şäher-döwleti ylym we tehnika babatda dünýäniň iň öňdebaryjy merkezleriniň biridir. Onuň umumy çäginiň 30 göterimi seýilgähler we baglar bilen örtülendir. Olaryň sany 350-den geçýär. Şäher boýunça hereket edeniňde, döwrebap tehnologiýalaryň mümkinçiklerini her ädimde diýen ýaly görmek bolýar. Ekwatorda ýerleşýän bu şäherde howanyň ýylylyk derejesi ýylboýy 25 — 30 derejede üýtgewsiz saklanýar. Ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň käbiri Aziýanyň iň gowy uniwersitetleriniň sanawynda öňdäki orunlary eýeleýär. Şonuň ýaly-da Singapur dünýäniň iň howpsuz şäherleriniň biridir. Ýer ýüzüniň iň uly maliýe merkezleriniň biri hasaplanylýan bu şäherde dünýä banklarynyň 130-dan gowragy jemlenendir. «Ýaşyl» şäher adyny alan Singapurda gülleriň hem-de agaçlaryň dürli görnüşlerine duşmak bolýar.

(Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy).
Beýleki habarlar