"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Döwrümiziň ýaraşygy

Hormatly Prezidentimiz: «Çagalaryna aýratyn söýgi, aýratyn alada bilen garamak, olara özleriniň iň gowy zatlaryny bagyş etmek türkmenleriň gadymdan gelýän däpleriniň biridir» diýip belleýär. Halkymyzyň pähim-paýhasa ýugrulan däp-dessurlarynyň, ýol-ýörelgeleriniň haýsy birine ýüzlenseň-de, olaryň özeni edep-terbiýe bilen berk baglanyşyklydyr. Ata-babalarymyzdan miras galan milli gymmatlyklarymyzyň ösüp gelýän ýaş nesilleriň ýokary ahlakly, ösen medeniýetli, edep-terbiýeli kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerinde tutýan orny örän ýokarydyr. Halkymyz ähli döwürlerde-de çagalary terbiýelemek, olary ösen şahsyýetler edip ýetişdirmek meselesinde dürli usullardan peýdalanypdyr. Halk döredijiligine ser salanymyzda, nesil terbiýesinde aýratyn ähmiýete eýe bolan rowaýatlary, ertekileri, matallary, läleleri, hüwdüleri, dessanlary...näçe diýseň mysal getirmek bolýar. Watansöýüjilik, edeplilik, agzybirlik, zähmetsöýerlik baradaky şeýle eserler ýaş nesilleriň ýokary ahlak sypatly mynasyp ogul-gyzlar bolup ýetişmeklerinde uly ähmiýete eýedir.

Aýdym-saz — täsin dünýä

Hormatly Prezidentimiz: «Täze eýýam türkmen medeniýetiniň we sungatynyň has-da kämilleşdirilmegini hem-de ýokary derejelere göterilmegini talap edýär. Ýurdumyzda amala aşyrylýan çuň özgertmeleriň, gazanylýan üstünlikleriň many-mazmunyny, asyl maksadyny giňden wasp etmek medeniýet we sungat işgärleriniň belent borjudyr» diýmek bilen, aýdym-saz sungatynyň wekilleriniň öňünde durýan wezipelere has-da döredijilikli çemeleşmelidiklerini belleýär. Muňa jogap edip, mekdebimiziň mugallymlary çagalaryň saz gurallaryny öwrenmekleri, saz çalmak hünärini ele almaklary üçin yhlasly zähmet çekýärler. Mekdebimizde aýdym-saz sungatynyň täsin dünýäsine körpelikden aralaşýan zehinli çagalar fortepiano, skripka, dutar, gyjak ýaly saz gurallaryny öwrenýärler. Bäsleşiklere, festiwallara, baýramçylyk çärelerine işjeň gatnaşyp, eziz Diýarymyzda amala aşyrylýan tutumly işleri wasp edýän çykyşlary ýerine ýetirýärler. Munuň özi geljekki aýdymçy-sazandalary terbiýeläp ýetişdirmekde çekýän zähmetimiziň ýerine düşýändigini görkezýär we bizi täze üstünliklere ruhlandyrýar.

Dost-doganlyk dabarasy

Ýakynda Magtymguly adyndaky milli sazly- drama teatrynda Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan meşhur gazak şahyry Abaý Kunanbaýewiň doglan gününiň 175 ýyllygy mynasybetli dabara boldy. Dabaranyň başynda Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi iki dostlukly döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlyklaryň, medeni gatnaşyklaryň has-da ýokary derejä göterilýändigini buýsanç bilen belläp, ýurdumyzyň döredijilik toparlaryna gazak şahyry Abaý Kunanbaýewiň doglan gününiň 175 ýyllygy mynasybetli onuň «Ýelsiz gijedäki ýagty Aý» atly aýdymyny ýokary derejede ýerine ýetirendikleri üçin sagbolsun aýtdy. Soňra Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň ýolbaşçysy Resul Gylyjowa, şeýle-de sungat ussatlary Nury Nuryýewe, Leýli Ökdirowa hormat hatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurdy. Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň, sungat ussatlarymyzyň ýerine ýetirmeginde «Abaý» operasyndan ariýalar, şeýle-de türkmen kompozitorlarynyň eserleri belentden ýaňlandy.

Dost-doganlyk mekany

Merjen şäherimiz Aşgabat hemişe-de dünýä halklarynyň üns merkezinde bolup geldi. Biz gazetimiziň şu sanynda dürli ýyllarda paýtagtymyzyň arzyly myhmany bolan söz we sungat ussatlarynyň birnäçesini siz bilen tanyşdyrýarys.

Medeniýetiň mekany

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly taryhy wakalara, rowaçlyklara beslenýär. Ýurdumyzda we paýtagtymyz Aşgabatda gurlup ulanylmaga berilýän desgalaryň, ýaşaýyş binalarynyň sany gün-günden köpelýär. Olaryň hatarynda medeniýet ulgamyna degişli binagärlik taslamalarynyň bolmagy berkarar döwletimizde halkymyzyň gadymdan gelýän maddy we ruhy gymmatlyklaryna uly sarpa goýulýandygyny açyk görkezýär. Paýtagtymyzyň gözel künjeginde Türkmen döwlet medeniýet institutynyň, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň okuw binalaryny, medeniýet we sungat işgärleri üçin gurlan ýaşaýyş binalar toplumyny öz içine alýan özboluşly Medeniýet şäherçesiniň gurulmagy munuň aýdyň mysalydyr. Hormatly Prezidentimiz medeni mirasymyza aýratyn sarpa goýýar we ýaş nesliň şol ruhy gymmatlyklaryň esasynda terbiýelenmegini ündeýär. Häzirki döwürde medeniýet baradaky alada binagärlik-şähergurluşyk ulgamynda hem öz beýanyny tapýar. Hormatly Prezidentimiz «Medeniýet halkyň kalbydyr» atly kitabynda şeýle ýazýar: «Ýurdumyzda häzirki döwürde medeni maksatly binalar köp gurulýar. Şeýle ymaratlarda zähmet çekýän medeniýet we sungat ussatlarynyň döredijiligi barha kämilleşýär. Olarda eşretli ýurdumyzda milli binagärligi ösdürmäge, gurulýan binalary öz ylhamyndan dörän ajaýyp eserleri bilen bezemäge örän giň mümkinçilikler bardyr». Diňe b

— Aýdym aýdasym gelýär

Türkmenistanyň halk artisti, ussat aýdymçy Annagül Gurdowa aýdym aýdanda aýdym-saza teşne ýürekleri söz bilen beýan edip bolmaýan üýtgeşik duýgular özüne kökerýär. Şirin owaza eýlenen ol owadan dünýäni boýladygyňça, onuň näderejede çuňdugyna magat göz ýetirýärsiň. Mylaýymlyk bilen göwün güzeriňe siňňin inýän ýakymly owaz baharyň mymyk şemaly kimin köňüllere rahatlyk berýär. «E-S-iň» arhiwinden

Ezeli zehinli suratkeş

Ussat suratkeş Dörtguly Mämijikowyň çeperçilige ýugrulan dünýäsinde ýaz ýaly ýakym bar. Dörtguly aga mydama gowy zatlaryň gözleginde. Häzirki wagtda «Diýar» žurnalynda zähmet çekýän bu halypanyň ýaşlara berýän öwüt-ündewleri, halypalyk maslahatlary göwne jüňk bolup duransoň, žurnalyň ýaş işgärleri mydama onuň daşynda. Dörtguly Mämijikow Aşgabadyň şol wagtky Şota Rustaweli adyndaky ýörite çeperçilik mekdebini üstünlikli tamamlandan soňra Ukrainanyň poligrafiýa institutyna okuwa girýär. Instituty tamamlap, ilki «Türkmenistan» neşirýatynda, soň «Magaryf» neşirýatynda işleýär. 2001-nji ýyldan häzirki wagta çenli bolsa «Diýar» žurnalynda zähmet çekip gelýär. Onuň sypaýyçylykly, giň göwrümli häsiýeti, işjanlylygy halypa bolan sarpaňy has-da artdyrýar. Halypanyň çeken suratlarynda özboluşly dünýä bar. «Diýar» žurnalynyň ilkinji we soňky sahypalarynda ýerleşdirilýän fotokollažlara seredeniňde, köňül dünýäň sungat gözelliginden pürepürlenýär. Halypanyň durmuşa hyjuwlylygy nusga alarlykdyr. Ol mydama iş başyndadyr. Halypa özüniň çagalyk ýyllaryny ýatlap, şeýle gürrüň berýar:

Goňur bagşy

Türkmen bagşylarynyň ýerine ýetirijilik aýratynlyklaryny içgin öwrenip, bu ugurdan ençeme kitaplary we makalalary ýazan alym mugallym Seýitguly Mämmetnurowyň galamyndan çykan «Gurt Ýakup — dessançy bagşy»,  «Halallyk», «Milli miras — türkmeniň ruhy hazynasy», «Edebiýatymyz — ruhy täjimiz», «Türkmen halkynyň edebi-medeni gymmatlyklary» atly kitaplary okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Ömrüniň soňky ýyllarynda ol sazşynas alym W.A.Uspenskiniň ýüz ýyl mundan ozal Türkmenistana eden syýahatyny dowam etmegi maksat edindi. Şonuň netijesinde «Ile döwlet getiren bagşylar» (sazşynas W.A.Uspenskiniň syýahatynyň dowamy) atly kitabyny ýazyp tamamlady. Kitapda 70-den gowrak bagşy, sazanda, tarçy, tüýdükçi, dutar ussalary, halypalar, olaryň ýollaryny dowam edýänler barada söhbet açylýar. Alymyň redaksiýamyza iň soňky gezek gelende getiren ady rowaýata öwrülen Goňur bagşy baradaky makalasyny siziň dykgatyňyza ýetirmegi makul bildik. Bäş müň ýyllyk ajaýyp taryhy bolan türkmen halkynyň düýnki gününem, şu günki gününem, umytly ertirinem bagşy-sazandasyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Geçmişde özüniň aýdym-saz älemindäki ýol-ýörelgesi, ussatlygy bilen öçmejek yz goýan ägirtleriň sany barmak büküp sanardan kän. Şolaryň biri-de döwründe ajaýyp sungaty, seýrek gabat gelýän tereň zehini bilen özüni tanadan ussat halypa Goňur bagşydyr. Türkmen bagşyçylyk sungatynyň taryhynda Goň

Pursatlar

...1969-njy ýyl. Ol wagt men Aşgabat şäherindäki 20-nji orta mekdebiň başlangyç synpynda okaýardym. Mekdepde geçirilýän edebi çärelere işjeň gatnaşýardym. Bir günem meni ozalky «Türkmenfilm» kinostudiýasyna çagyryp, «Döwranyň başdan geçirenleri» atly çeper filmde surata düşmegi teklip etdiler. Men kino surata düşmäge höwesjeň boldum.

Dirižýor — saz dilmajy

Dirižýorçylyk barada gürrüň açylanda, onuň özbaşdak sungat görnüşine eýe bolmagyny XIX asyryň birinji ýarymy bilen baglanyşdyrýarlar. Ýöne gadymy Müsür we Assiriýa barelýeflerinde sazandalar toparyna ýolbaşçylyk edýän, eli taýakly adamyň şekili gabat gelýär. Gadymy grek teatrlarynda korifeý demir ökjeli köwüş geýip, aýaklary bilen ritm sanap, hor toparyna ýolbaşçylyk edipdir. Gadymy Gresiýada hor toparyna dirižýorlar heýronomiýa (gadymy grekçe heir — el, nomos — kanun, düzgün) usuly — ellerini we barmaklaryny dürli taraplara hereketlendirmek arkaly ýolbaşçylyk edipdir. Ýerine ýetirilişiň çylşyrymlaşmagy bilen aýdymçylar we sazandalar toparyny has takyk usula ugrukdyrmak zerurlygy ýüze çykýar. Şeýlelikde, kem-kemden «battutalaryň» — dürli materillardan, şol sanda altyndan ýasalan taýaklaryň kömegi bilen dirižirlemek usuly döreýär. Topara battuta bilen ýolbaşçylyk edýän dirižýor 1432-nji ýylda çekilen suratda hem şekillendirilipdir. Ilki-ilkiler battutalar gaty uzyn bolupdyr, orkestriň ýolbaşçysy ony ýere urmak arkaly takty sanapdyr, beýle usulyň gohy-da, howplulygy-da ýetik bolupdyr. XVII asyrda dirižýorlyk etmegiň has galmagalsyz görnüşleri, ýagny ansamblda sazyň ýerine ýetirilişine onuň agzalarynyň biri, köplenç, skripkaçy ýolbaşçylyk edipdir. Ol kemençesiniň ýa-da kellesiniň hereketleri bilen takty sanapdyr.

Aýdymyň aşygy

Hekim Amanmyradowda aýdym-saza bolan höwes entek bäş ýaşlaryndaka oýandy. Toýlarda bagşy aýtsa tä aýdym gutarýança öýlerine gaýtmazdy. Teleýaýlymlarda berilýän aýdymlary hem sypdyrman diňlärdi. Onsoň ol diňlän bagşylaryna öýkünip hiňlenerdi. Bir gün «Jan enem» diýen aýdyma hiňlenen Hekim ejesiniň ünsüni özüne çekdi. ol aýdymy owazly aýdýardy. Ejesi Kümüşgözel aýdymyň owazyna kalby bilen maýyl bolupdy. Perzendiniň hoş owazy göwnüne ýaran enäniň begençden ýaňa ýüzi ýagtylyp gitdi. Ol aýdym gutarýança diňläp durdy. Hekimjik aýdymyny soňlap yzyna bakanda ýylgyryp duran ejesine gözi düşdi.

Dünýäniň oýnawaç muzeýleri

Iwan Ştaýgeriň gurjak muzeýi Dünýäniň köp döwletlerinde çagalaryň dünýäsine bagyşlanan örän täsin muzeýler bar. Şolardan iň täsirlisi ömrüni çagalaryň gyzykly dünýäsine bagyşlan çehiýaly režissýor hem-de suratkeş Iwan Ştaýgeriň adyny göterýän muzeýlerdir. Olaryň biri Mýunhen şäherinde, beýlekisi Praga şäherinde ýerleşýär. Bu muzeýde döwürdeşlerimiziň çagalyk döwründe arzuw eden gurjaklarynyň hem-de oýnawaçlarynyň müňlerçesi gymmatly eksponat hökmünde saklanylýar. Ştaýgeriň gurjakdyr oýnawaçlardan ýygnan kolleksiýasy adamzadyň ösüş taryhyny öz içine alýar diýsek öte geçmeris. Şol gymmatlyklaryň içinde ilkinji bug maşynynyň taslamasy, Barbi gurjaklary, täsin arça bezegleri, dürli lybasdaky esgerlerden başlap, taryhda belli bir yz galdyran şahsyýetleriň keşbindäki gurjaklar hem bar.

Medeniýet ösüş ýolunda

Medeniýet halkyň döredijilik başlangyjyny bitewi güýje öwürýär. Ol durmuşyň aýnasy bolup hyzmat edýär. Gazanýan köptaraply üstünliklerimiz medeniýetimizde, sungatymyzda özüniň mynasyp beýanyny tapýar. Şeýle bolansoň, hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynda milli medeniýetimizi yzygiderli ösdürmek esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Ony içgin öwrenip, giňden wagyz etmek bu wezipäniň düýp özenini düzýär. Asyrlaryň synagyndan geçip, häzirki günlerimize ýetip gelen milli medeniýetimize, sungatymyza, onuň durmuşymyzdaky ornuna ýokary baha berýän milli Liderimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmakda guwandyryjy sepgitlere ýetilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeginde döwrebap şertleri özünde jemleýän medeniýet ojaklary dürli medeni çäreleri geçirmäge giň mümkinçilik berýär, şeýle-de ýaş zehinleriň kämilleşmegine, tejribe toplamagyna ýardam edýär.

Sungaty sarpaly Diýar

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesliň berk bedenli, sagdyn ruhly, çuň bilimli, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmeklerine gönükdirilen giň möçberli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Ýaşlaryň halkara ülňülerine laýyk gelýän döwrebap bilim almaklary, saýlap alan hünärleriniň eýesi bolmaklary, döredijilik hem-de sport bilen meşgullanmaklary üçin ähli şertler we mümkinçilikler döredilýär. «Gözlerimiziň guwanjy, göwünlerimiziň buýsanjy bolan bagtyýar çagalar Watanymyzyň dünýädäki abraýyny, mertebesini, şan-şöhratyny has-da beýgeltjek nesillerimizdir» diýip nygtaýan Arkadag Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda eziz Diýarymyzyň oba-şäherlerinden täze zehinleri ýüze çykarmak, ýaşlaryň öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri, saýlap alan ugurlary boýunça kämilligiň basgançaklaryna çykmaklary üçin bagtyýarlyk döwrümizde alnyp barylýan işler örän buýsandyrýar. Eziz Diýarymyzyň oba-şäherlerinde açylyp, ulanylmaga berlen çagalar sungat mekdeplerinde ýaş nesillere sungatyň dürli ugurlary boýunça tälim berilýär. Zehinli çagalar skripka, dutar, bagşyçylyk we beýleki ugurlar boýunça sungatyň inçe tilsimlerini ezberlik bilen öwrenýärler. Munuň özi olaryň döredijilik adamlary bolup ýetişmeklerine ýardam berýär.

Sungatda serhet ýok

Hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine wepalylyk halkymyza öňden mahsus häsiýetlerdir. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda, ata-babalarymyzyň ynsanperwer ýörelgeleri şu günlerimizde-de üstünlikli dowam etdirilýär. Öňki döwürlerde milletara hyzmatdaşlykda uly ähmiýete eýe bolan gadymy Beýik Ýüpek ýoly döwrebap röwüşde täzeden dikeldilýär, halklaryň dostlukly gatnaşygynyň ösmegine mümkinçilikler artdyrylýar. Gadymda Beýik Ýüpek ýolunyň ugurlary çar ýana uzan türkmen topragyndan gatnan kerwenler arkaly haryt alyş-çalşygyndan başga-da, bir halkyň ruhy medeni gymmatlyklary beýleki halklara-da ýaýrapdyr. Özara ruhy-medeni gatnaşyklar olaryň her biriniň medeniýetiniň baýlaşmagyna, ösmegine täsir edipdir. Ruhy mirasyň bir bölegi bolan, haçandyr bir wagtlar ynsanyýetiň mertebeli, dana ogullary tarapyndan aýdylan pähimli pikirleriň köpüsi ýollar aşyp ýaýrap, ýyllar aşyp dowam edip, nesiller aşyp biziň şu günlerimizde-de ýaşap ýör. Türkmen halky öz danalaryna uýşy ýaly, doganlyk halklaryň hem pähim-parasatly pikirlerine hormat goýýar.

Şadyýan çagalaryň bäsleşigi

Ýaş nesilleriň ruhy we beden taýdan sagdyn ösüp ýetişmekleri, olaryň dünýä derejesinde döwrebap bilim almaklary üçin mähriban Arkadagymyz uly işleri amala aşyrýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde «Gökdere» jülgesiniň goýny bagtyýar nesilleriň şatlykly sesleriniň mydamalyk ýaňlanýan ýerleriniň birine öwrüldi.

Milli terbiýe mekdebi

Gadymy türkmen halkynyň baý edebi mirasy bar. Asyrlar aýlanyp, saýlanyp gelen nakyllaryň, pähimleriň, atalar sözleriniň, matallaryň, rowaýatlaryň, hekaýatlaryň ählisi kämillige, çuňňur pähim-paýhasa, pelsepä ýugrulan. Olar üstünden ýene näçe asyr geçse-de gymmatyny ýetirmejek, okaljak, öwreniljek gyzyla barabar uly baýlyk. Olaryň her birinde birek-birege hormat goýmak, söýmek, sarpalamak ündelýär. Ynsan mertebesi ýokarda goýulýar. Türkmen halk rowaýatlarynda aýratyn milli öwüşgin, häsiýet, aýratynlyk duýulýar. Okap başlan dessiňe onuň türkmen halk rowaýatydygyny, hekaýatydygyny aňlamak bolýar. Hut şonuň bilenem olar umumadamzat gymmatlyklarynyň hatarynda mynasyp orun alan eserler bolup durýar.

Ýadygärlik suraty

Howanyň biraz sowukdygyna garamazdan, işden çykyp, peýwagtyma ýöräp, öýe barýardym. Ir bilen öýden çykanymda howa häzirkisinden has sowukdy. Ýöne öýläne golaý birneme gowşapdyr. Aýazly howa täsirini ýetirip bilmese-de, bulutlaryň arasyndan lowurdap görünýän Gün göwnüňi göterýärdi. Ýöräp barşyma nebsewürlik bilen daş-töweregimi synlaýardym. Göräýmäge, gündeki ýöreýän şol bir ýolum, gündeki görýän şol bir agaçlarym... Ýöne türkmen tebigatynyň gözel görki ünsüňi biygtyýar özüne çekýärdi. Ýol ugruna gök öwsüp oturan arçalar, ýapragy düşen agaçlar gyşyň ýaraşygy hökmünde gözüňi dokundyrýardy. Köpetdagyň beýik gerişleriniň üstündäki garlarda hem gözüň eglenip, seni päklikleriň dünýäsine sary alyp gidýärdi. Öýe ýetýänçäm bu pyýada ýöriş süňňümi azda-kände ýeňleden bolsa-da, dag tarapdan gelýän aýazly şemaldan ýaňa ýüzüm gyzaryp gidipdi. Üşemekden ýaňa galpyldap duramsoň, öýe girip, derrew peji ýakdym, çaý oturtdym. Çaý demlenip, biraz nahar edindim. Soňra bolsa basyrylgy duran çäýnegi öňüme çekdim.

Wysal bolan arzuwlar

Suratkeşleriň tebigata, durmuşa, saýlap alan hünärine bolan garaýşynyň özboluşly bolýandygyna telim gezek göz ýetirýäris. Olar bilen söhbetdeş bolanyňda, ajaýyp bir eseriň gahrymany ýaly syrly dünýä aralaşýarsyň. Olaryň döredýän surat eserlerini synlanyňda bolsa, sözsüz düşündirilýän ajaýyp bir waka şaýat bolýarsyň. Golaýda biz Nurjanyň okaýan mekdebine baranymyzda, onuň bir zatlara güýmenip, gözellikleri döretmegiň täze ýollaryny gözleýändigini gördük. Ol bu surat eserini welaýatymyzda geçiriljek Medeniýet hepdeligine taýýarlaýan eken. Onuň döredýän eseri özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Makalamyzyň gahrymany Nurjan Rahmatkulowa welaýat ýörite sungat mekdebiniň nakgaş hünäriniň 4-nji ýyl talyby.

Halypalardan tälim alan sazanda

Alty-ýedi ýyllykda teleýaýlymda bir ýaş ýigit dutarda saz çalyp, çykyş etdi. Ol bagşyçylygyň ärsary ýolunyň «Öwezjan», «Balam sen» diýen sazlaryny täze öwüşginlere bezäp, şeýle bir täsirli ýerine ýetirdi welin, onuň şabram kakuwlaryna, dutaryň perdelerinden arassa we süýji owaz alşyna guwanyp: «Berekella!» diýenimi duýman galdym. Soňra şol sazandanyň kimdigi, nirelidigi bilen gyzyklananymda kärdeşlerim: «Ol saýatly Gurban Çaryýew» diýdiler. Bir gün oňa welaýat merkezinde gabat geldim. Hal-ahwal soraşanymyzdan soň: