Dost-doganlyk dabarasy

10 Iýun 2021
955

Ýakynda Magtymguly adyndaky milli sazly- drama teatrynda Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan meşhur gazak şahyry Abaý Kunanbaýewiň doglan gününiň 175 ýyllygy mynasybetli dabara boldy. Dabaranyň başynda Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi iki dostlukly döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlyklaryň, medeni gatnaşyklaryň has-da ýokary derejä göterilýändigini buýsanç bilen belläp, ýurdumyzyň döredijilik toparlaryna gazak şahyry Abaý Kunanbaýewiň doglan gününiň 175 ýyllygy mynasybetli onuň «Ýelsiz gijedäki ýagty Aý» atly aýdymyny ýokary derejede ýerine ýetirendikleri üçin sagbolsun aýtdy. Soňra Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň ýolbaşçysy Resul Gylyjowa, şeýle-de sungat ussatlary Nury Nuryýewe, Leýli Ökdirowa hormat hatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurdy.

Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň, sungat ussatlarymyzyň ýerine ýetirmeginde «Abaý» operasyndan ariýalar, şeýle-de türkmen kompozitorlarynyň eserleri belentden ýaňlandy.

Ýörite habarçymyz.