Döwrümiziň ýaraşygy

11 Iýun 2021
1127

Hormatly Prezidentimiz: «Çagalaryna aýratyn söýgi, aýratyn alada bilen garamak, olara özleriniň iň gowy zatlaryny bagyş etmek türkmenleriň gadymdan gelýän däpleriniň biridir» diýip belleýär. Halkymyzyň pähim-paýhasa ýugrulan däp-dessurlarynyň, ýol-ýörelgeleriniň haýsy birine ýüzlenseň-de, olaryň özeni edep-terbiýe bilen berk baglanyşyklydyr. Ata-babalarymyzdan miras galan milli gymmatlyklarymyzyň ösüp gelýän ýaş nesilleriň ýokary ahlakly, ösen medeniýetli, edep-terbiýeli kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerinde tutýan orny örän ýokarydyr.

Halkymyz ähli döwürlerde-de çagalary terbiýelemek, olary ösen şahsyýetler edip ýetişdirmek meselesinde dürli usullardan peýdalanypdyr. Halk döredijiligine ser salanymyzda, nesil terbiýesinde aýratyn ähmiýete eýe bolan rowaýatlary, ertekileri, matallary, läleleri, hüwdüleri, dessanlary...näçe diýseň mysal getirmek bolýar. Watansöýüjilik, edeplilik, agzybirlik, zähmetsöýerlik baradaky şeýle eserler ýaş nesilleriň ýokary ahlak sypatly mynasyp ogul-gyzlar bolup ýetişmeklerinde uly ähmiýete eýedir.

Jahansoltan HAJYÝEWA,
Balkanabat şäherindäki 20-nji orta mekdebiň mugallymy.