Ýadygärlik suraty

9 Iýun 2021
862

Howanyň biraz sowukdygyna garamazdan, işden çykyp, peýwagtyma ýöräp, öýe barýardym. Ir bilen öýden çykanymda howa häzirkisinden has sowukdy. Ýöne öýläne golaý birneme gowşapdyr. Aýazly howa täsirini ýetirip bilmese-de, bulutlaryň arasyndan lowurdap görünýän Gün göwnüňi göterýärdi. Ýöräp barşyma nebsewürlik bilen daş-töweregimi synlaýardym. Göräýmäge, gündeki ýöreýän şol bir ýolum, gündeki görýän şol bir agaçlarym... Ýöne türkmen tebigatynyň gözel görki ünsüňi biygtyýar özüne çekýärdi. Ýol ugruna gök öwsüp oturan arçalar, ýapragy düşen agaçlar gyşyň ýaraşygy hökmünde gözüňi dokundyrýardy. Köpetdagyň beýik gerişleriniň üstündäki garlarda hem gözüň eglenip, seni päklikleriň dünýäsine sary alyp gidýärdi.

Öýe ýetýänçäm bu pyýada ýöriş süňňümi azda-kände ýeňleden bolsa-da, dag tarapdan gelýän aýazly şemaldan ýaňa ýüzüm gyzaryp gidipdi. Üşemekden ýaňa galpyldap duramsoň, öýe girip, derrew peji ýakdym, çaý oturtdym. Çaý demlenip, biraz nahar edindim. Soňra bolsa basyrylgy duran çäýnegi öňüme çekdim.

Ogulnur GELDIMYRADOWA,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň Ylym we aspirantura bölüminiň ylmy işgäri.