Sungatda serhet ýok

9 Iýun 2021
996

Hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine wepalylyk halkymyza öňden mahsus häsiýetlerdir. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda, ata-babalarymyzyň ynsanperwer ýörelgeleri şu günlerimizde-de üstünlikli dowam etdirilýär. Öňki döwürlerde milletara hyzmatdaşlykda uly ähmiýete eýe bolan gadymy Beýik Ýüpek ýoly döwrebap röwüşde täzeden dikeldilýär, halklaryň dostlukly gatnaşygynyň ösmegine mümkinçilikler artdyrylýar.

Gadymda Beýik Ýüpek ýolunyň ugurlary çar ýana uzan türkmen topragyndan gatnan kerwenler arkaly haryt alyş-çalşygyndan başga-da, bir halkyň ruhy medeni gymmatlyklary beýleki halklara-da ýaýrapdyr. Özara ruhy-medeni gatnaşyklar olaryň her biriniň medeniýetiniň baýlaşmagyna, ösmegine täsir edipdir. Ruhy mirasyň bir bölegi bolan, haçandyr bir wagtlar ynsanyýetiň mertebeli, dana ogullary tarapyndan aýdylan pähimli pikirleriň köpüsi ýollar aşyp ýaýrap, ýyllar aşyp dowam edip, nesiller aşyp biziň şu günlerimizde-de ýaşap ýör. Türkmen halky öz danalaryna uýşy ýaly, doganlyk halklaryň hem pähim-parasatly pikirlerine hormat goýýar.

Ýörite habarçymyz.