Ezeli zehinli suratkeş

10 Iýun 2021
852

Ussat suratkeş Dörtguly Mämijikowyň çeperçilige ýugrulan dünýäsinde ýaz ýaly ýakym bar. Dörtguly aga mydama gowy zatlaryň gözleginde. Häzirki wagtda «Diýar» žurnalynda zähmet çekýän bu halypanyň ýaşlara berýän öwüt-ündewleri, halypalyk maslahatlary göwne jüňk bolup duransoň, žurnalyň ýaş işgärleri mydama onuň daşynda.

Dörtguly Mämijikow Aşgabadyň şol wagtky Şota Rustaweli adyndaky ýörite çeperçilik mekdebini üstünlikli tamamlandan soňra Ukrainanyň poligrafiýa institutyna okuwa girýär. Instituty tamamlap, ilki «Türkmenistan» neşirýatynda, soň «Magaryf» neşirýatynda işleýär. 2001-nji ýyldan häzirki wagta çenli bolsa «Diýar» žurnalynda zähmet çekip gelýär. Onuň sypaýyçylykly, giň göwrümli häsiýeti, işjanlylygy halypa bolan sarpaňy has-da artdyrýar. Halypanyň çeken suratlarynda özboluşly dünýä bar. «Diýar» žurnalynyň ilkinji we soňky sahypalarynda ýerleşdirilýän fotokollažlara seredeniňde, köňül dünýäň sungat gözelliginden pürepürlenýär. Halypanyň durmuşa hyjuwlylygy nusga alarlykdyr. Ol mydama iş başyndadyr. Halypa özüniň çagalyk ýyllaryny ýatlap, şeýle gürrüň berýar:

Dursun TEKÄÝEWA,
žurnalist.