Wysal bolan arzuwlar

9 Iýun 2021
964

Suratkeşleriň tebigata, durmuşa, saýlap alan hünärine bolan garaýşynyň özboluşly bolýandygyna telim gezek göz ýetirýäris. Olar bilen söhbetdeş bolanyňda, ajaýyp bir eseriň gahrymany ýaly syrly dünýä aralaşýarsyň. Olaryň döredýän surat eserlerini synlanyňda bolsa, sözsüz düşündirilýän ajaýyp bir waka şaýat bolýarsyň.

Golaýda biz Nurjanyň okaýan mekdebine baranymyzda, onuň bir zatlara güýmenip, gözellikleri döretmegiň täze ýollaryny gözleýändigini gördük. Ol bu surat eserini welaýatymyzda geçiriljek Medeniýet hepdeligine taýýarlaýan eken. Onuň döredýän eseri özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Makalamyzyň gahrymany Nurjan Rahmatkulowa welaýat ýörite sungat mekdebiniň nakgaş hünäriniň 4-nji ýyl talyby.

Eneş JORAÝEWA,
ýörite habarçymyz.