Goňur bagşy

10 Iýun 2021
1062

Türkmen bagşylarynyň ýerine ýetirijilik aýratynlyklaryny içgin öwrenip, bu ugurdan ençeme kitaplary we makalalary ýazan alym mugallym Seýitguly Mämmetnurowyň galamyndan çykan «Gurt Ýakup — dessançy bagşy»,  «Halallyk», «Milli miras — türkmeniň ruhy hazynasy», «Edebiýatymyz — ruhy täjimiz», «Türkmen halkynyň edebi-medeni gymmatlyklary» atly kitaplary okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Ömrüniň soňky ýyllarynda ol sazşynas alym W.A.Uspenskiniň ýüz ýyl mundan ozal Türkmenistana eden syýahatyny dowam etmegi maksat edindi. Şonuň netijesinde «Ile döwlet getiren bagşylar» (sazşynas W.A.Uspenskiniň syýahatynyň dowamy) atly kitabyny ýazyp tamamlady. Kitapda 70-den gowrak bagşy, sazanda, tarçy, tüýdükçi, dutar ussalary, halypalar, olaryň ýollaryny dowam edýänler barada söhbet açylýar. Alymyň redaksiýamyza iň soňky gezek gelende getiren ady rowaýata öwrülen Goňur bagşy baradaky makalasyny siziň dykgatyňyza ýetirmegi makul bildik.

Bäş müň ýyllyk ajaýyp taryhy bolan türkmen halkynyň düýnki gününem, şu günki gününem, umytly ertirinem bagşy-sazandasyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Geçmişde özüniň aýdym-saz älemindäki ýol-ýörelgesi, ussatlygy bilen öçmejek yz goýan ägirtleriň sany barmak büküp sanardan kän. Şolaryň biri-de döwründe ajaýyp sungaty, seýrek gabat gelýän tereň zehini bilen özüni tanadan ussat halypa Goňur bagşydyr. Türkmen bagşyçylyk sungatynyň taryhynda Goňur bagşy baradaky maglumatlar ýeterlik däl. Men bu bagşy baradaky gürrüňleri çaga wagtlarym eşidipdim. Has soňrak bolsa halk arasyna çykyp, Goňur bagşy barada sorag-ideg etdim. Netijede, maňa ol hakda köp zatlary bilmek başartdy.