Dünýäniň oýnawaç muzeýleri

10 Iýun 2021
1012

Iwan Ştaýgeriň gurjak muzeýi

Dünýäniň köp döwletlerinde çagalaryň dünýäsine bagyşlanan örän täsin muzeýler bar. Şolardan iň täsirlisi ömrüni çagalaryň gyzykly dünýäsine bagyşlan çehiýaly režissýor hem-de suratkeş Iwan Ştaýgeriň adyny göterýän muzeýlerdir. Olaryň biri Mýunhen şäherinde, beýlekisi Praga şäherinde ýerleşýär. Bu muzeýde döwürdeşlerimiziň çagalyk döwründe arzuw eden gurjaklarynyň hem-de oýnawaçlarynyň müňlerçesi gymmatly eksponat hökmünde saklanylýar. Ştaýgeriň gurjakdyr oýnawaçlardan ýygnan kolleksiýasy adamzadyň ösüş taryhyny öz içine alýar diýsek öte geçmeris. Şol gymmatlyklaryň içinde ilkinji bug maşynynyň taslamasy, Barbi gurjaklary, täsin arça bezegleri, dürli lybasdaky esgerlerden başlap, taryhda belli bir yz galdyran şahsyýetleriň keşbindäki gurjaklar hem bar.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Batyr ŞYHYÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.