Sungaty sarpaly Diýar

9 Iýun 2021
879

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesliň berk bedenli, sagdyn ruhly, çuň bilimli, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmeklerine gönükdirilen giň möçberli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Ýaşlaryň halkara ülňülerine laýyk gelýän döwrebap bilim almaklary, saýlap alan hünärleriniň eýesi bolmaklary, döredijilik hem-de sport bilen meşgullanmaklary üçin ähli şertler we mümkinçilikler döredilýär.

«Gözlerimiziň guwanjy, göwünlerimiziň buýsanjy bolan bagtyýar çagalar Watanymyzyň dünýädäki abraýyny, mertebesini, şan-şöhratyny has-da beýgeltjek nesillerimizdir» diýip nygtaýan Arkadag Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda eziz Diýarymyzyň oba-şäherlerinden täze zehinleri ýüze çykarmak, ýaşlaryň öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri, saýlap alan ugurlary boýunça kämilligiň basgançaklaryna çykmaklary üçin bagtyýarlyk döwrümizde alnyp barylýan işler örän buýsandyrýar. Eziz Diýarymyzyň oba-şäherlerinde açylyp, ulanylmaga berlen çagalar sungat mekdeplerinde ýaş nesillere sungatyň dürli ugurlary boýunça tälim berilýär. Zehinli çagalar skripka, dutar, bagşyçylyk we beýleki ugurlar boýunça sungatyň inçe tilsimlerini ezberlik bilen öwrenýärler. Munuň özi olaryň döredijilik adamlary bolup ýetişmeklerine ýardam berýär.

Ýuliýa BOBYLÝOWA,
Hazar şäheriniň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy.