Milli terbiýe mekdebi

9 Iýun 2021
839

Gadymy türkmen halkynyň baý edebi mirasy bar. Asyrlar aýlanyp, saýlanyp gelen nakyllaryň, pähimleriň, atalar sözleriniň, matallaryň, rowaýatlaryň, hekaýatlaryň ählisi kämillige, çuňňur pähim-paýhasa, pelsepä ýugrulan. Olar üstünden ýene näçe asyr geçse-de gymmatyny ýetirmejek, okaljak, öwreniljek gyzyla barabar uly baýlyk. Olaryň her birinde birek-birege hormat goýmak, söýmek, sarpalamak ündelýär. Ynsan mertebesi ýokarda goýulýar.

Türkmen halk rowaýatlarynda aýratyn milli öwüşgin, häsiýet, aýratynlyk duýulýar. Okap başlan dessiňe onuň türkmen halk rowaýatydygyny, hekaýatydygyny aňlamak bolýar. Hut şonuň bilenem olar umumadamzat gymmatlyklarynyň hatarynda mynasyp orun alan eserler bolup durýar.

Maýagözel BALTAÝEWA,
Döwletli etrap bilim bölüminiň hünärmeni.