Medeniýetiň mekany

10 Iýun 2021
882

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly taryhy wakalara, rowaçlyklara beslenýär. Ýurdumyzda we paýtagtymyz Aşgabatda gurlup ulanylmaga berilýän desgalaryň, ýaşaýyş binalarynyň sany gün-günden köpelýär. Olaryň hatarynda medeniýet ulgamyna degişli binagärlik taslamalarynyň bolmagy berkarar döwletimizde halkymyzyň gadymdan gelýän maddy we ruhy gymmatlyklaryna uly sarpa goýulýandygyny açyk görkezýär. Paýtagtymyzyň gözel künjeginde Türkmen döwlet medeniýet institutynyň, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň okuw binalaryny, medeniýet we sungat işgärleri üçin gurlan ýaşaýyş binalar toplumyny öz içine alýan özboluşly Medeniýet şäherçesiniň gurulmagy munuň aýdyň mysalydyr.

Hormatly Prezidentimiz medeni mirasymyza aýratyn sarpa goýýar we ýaş nesliň şol ruhy gymmatlyklaryň esasynda terbiýelenmegini ündeýär. Häzirki döwürde medeniýet baradaky alada binagärlik-şähergurluşyk ulgamynda hem öz beýanyny tapýar. Hormatly Prezidentimiz «Medeniýet halkyň kalbydyr» atly kitabynda şeýle ýazýar: «Ýurdumyzda häzirki döwürde medeni maksatly binalar köp gurulýar. Şeýle ymaratlarda zähmet çekýän medeniýet we sungat ussatlarynyň döredijiligi barha kämilleşýär. Olarda eşretli ýurdumyzda milli binagärligi ösdürmäge, gurulýan binalary öz ylhamyndan dörän ajaýyp eserleri bilen bezemäge örän giň mümkinçilikler bardyr». Diňe bir bina galdyrmak däl, eýsem, onuň daşky durkuna milli öwüşginleri çaýmak meselesine hem aýratyn üns berilýär. Şoňa görä-de, binagärlik-şähergurluşyk işlerinde nakgaşlar, heýkeltaraşlar, amaly-haşam sungatynyň ussatlary gurluşykçylar bilen deň derejede zähmet çekýärler. Eziz Diýarymyzda gurlan we gurulýan ýaşaýyş we edara binalary, teatrlaryň, muzeýleriň, kitaphanalaryň, medeni-dynç alyş merkezleriniň binalary bu aýdylanlaryň anyk subutnamasydyr.

Gurbangül MYRADOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.