Dirižýor — saz dilmajy

10 Iýun 2021
907

Dirižýorçylyk barada gürrüň açylanda, onuň özbaşdak sungat görnüşine eýe bolmagyny XIX asyryň birinji ýarymy bilen baglanyşdyrýarlar. Ýöne gadymy Müsür we Assiriýa barelýeflerinde sazandalar toparyna ýolbaşçylyk edýän, eli taýakly adamyň şekili gabat gelýär. Gadymy grek teatrlarynda korifeý demir ökjeli köwüş geýip, aýaklary bilen ritm sanap, hor toparyna ýolbaşçylyk edipdir. Gadymy Gresiýada hor toparyna dirižýorlar heýronomiýa (gadymy grekçe heir — el, nomos — kanun, düzgün) usuly — ellerini we barmaklaryny dürli taraplara hereketlendirmek arkaly ýolbaşçylyk edipdir.

Ýerine ýetirilişiň çylşyrymlaşmagy bilen aýdymçylar we sazandalar toparyny has takyk usula ugrukdyrmak zerurlygy ýüze çykýar. Şeýlelikde, kem-kemden «battutalaryň» — dürli materillardan, şol sanda altyndan ýasalan taýaklaryň kömegi bilen dirižirlemek usuly döreýär. Topara battuta bilen ýolbaşçylyk edýän dirižýor 1432-nji ýylda çekilen suratda hem şekillendirilipdir. Ilki-ilkiler battutalar gaty uzyn bolupdyr, orkestriň ýolbaşçysy ony ýere urmak arkaly takty sanapdyr, beýle usulyň gohy-da, howplulygy-da ýetik bolupdyr. XVII asyrda dirižýorlyk etmegiň has galmagalsyz görnüşleri, ýagny ansamblda sazyň ýerine ýetirilişine onuň agzalarynyň biri, köplenç, skripkaçy ýolbaşçylyk edipdir. Ol kemençesiniň ýa-da kellesiniň hereketleri bilen takty sanapdyr.

Nurana ANNABERDIÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň saz-dirižýor mugallymy.