Aýdym-saz — täsin dünýä

11 Iýun 2021
1057

Hormatly Prezidentimiz: «Täze eýýam türkmen medeniýetiniň we sungatynyň has-da kämilleşdirilmegini hem-de ýokary derejelere göterilmegini talap edýär. Ýurdumyzda amala aşyrylýan çuň özgertmeleriň, gazanylýan üstünlikleriň many-mazmunyny, asyl maksadyny giňden wasp etmek medeniýet we sungat işgärleriniň belent borjudyr» diýmek bilen, aýdym-saz sungatynyň wekilleriniň öňünde durýan wezipelere has-da döredijilikli çemeleşmelidiklerini belleýär. Muňa jogap edip, mekdebimiziň mugallymlary çagalaryň saz gurallaryny öwrenmekleri, saz çalmak hünärini ele almaklary üçin yhlasly zähmet çekýärler.

Mekdebimizde aýdym-saz sungatynyň täsin dünýäsine körpelikden aralaşýan zehinli çagalar fortepiano, skripka, dutar, gyjak ýaly saz gurallaryny öwrenýärler. Bäsleşiklere, festiwallara, baýramçylyk çärelerine işjeň gatnaşyp, eziz Diýarymyzda amala aşyrylýan tutumly işleri wasp edýän çykyşlary ýerine ýetirýärler. Munuň özi geljekki aýdymçy-sazandalary terbiýeläp ýetişdirmekde çekýän zähmetimiziň ýerine düşýändigini görkezýär we bizi täze üstünliklere ruhlandyrýar.

Nurgözel GURBANALYÝEWA,
Serdar etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy.