Medeniýet ösüş ýolunda

9 Iýun 2021
831

Medeniýet halkyň döredijilik başlangyjyny bitewi güýje öwürýär. Ol durmuşyň aýnasy bolup hyzmat edýär. Gazanýan köptaraply üstünliklerimiz medeniýetimizde, sungatymyzda özüniň mynasyp beýanyny tapýar. Şeýle bolansoň, hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynda milli medeniýetimizi yzygiderli ösdürmek esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Ony içgin öwrenip, giňden wagyz etmek bu wezipäniň düýp özenini düzýär.

Asyrlaryň synagyndan geçip, häzirki günlerimize ýetip gelen milli medeniýetimize, sungatymyza, onuň durmuşymyzdaky ornuna ýokary baha berýän milli Liderimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmakda guwandyryjy sepgitlere ýetilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeginde döwrebap şertleri özünde jemleýän medeniýet ojaklary dürli medeni çäreleri geçirmäge giň mümkinçilik berýär, şeýle-de ýaş zehinleriň kämilleşmegine, tejribe toplamagyna ýardam edýär.

Sabina RZAÝEWA,
Türkmenbaşy şäheriniň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy.