"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Artygyň ejesi

Eger-de biz türkmen teatr hem-de kino sungatyny akyp ýatan derýa hasap etsek, onda Ogulgurban Durdyýewanyň 17 ýyllyk arakesmeden soň sungat äleminde gaýtadan peýda bolmagy şol derýany gaýtadan joşdurdy. 17 ýyllap sungat derýasy pes akypdyr. Pese düşenini hiç kim aňmandyram, asla onuň bilen işlerem bolmandyr. Berekella, Alty Garla, ony gaýtadan sungata getiripdir. Ogulgurban Durdyýewa az wagtyň içinde köp keşp döretdi, Respublikamyzyň sungat hazynasyny has-da baýlaşdyrdy, taryhyny giňeltdi.

Tanslara siňen dünýä

Tans gadymy sungatlaryň biri bolup, adamlaryň begenjini alamatlandyrýan hereketleri özünde jemleýär. Müňýyllyklaryň dowamynda adamlar tansyň üsti bilen birek-birege çaganyň dogulmagy, näsagyň sagalmagy, toý tutulmagy ýaly begençli habarlary ýetiripdirler. Gadym zamanlarda adamlar Arşdan gurakçylykda ýagşyň ýagmagyny, tümlükde Gün şöhlesine, ekerançylykda bol hasyla islegini tansyň üsti bilen beýan eder ekenler. Tans adamlaryň gündelik durmuşyndaky: ýöremek, ylgamak, bökjeklemek, pyrlanmak, çaýkanmak ýaly hereketlerinden ybaratdyr. Biziň milli tanslarymyzda her bir hereket, her bir bakyş aýratyn manyny aňladýar. Jeýhunyň kenarynda ýaşaýan ilatyň tanslarynda deprek saz guraly aýratyn orny eýeleýär. Çünki ata-babalarymyz deprek saz guraly çalnanda, ähli kynçylyklaryň aradan aýryljakdygyna ynanypdyrlar. Şonuň üçin deprekde saz çalyp, tans oýnamak däbi biziň günlerimizde hem dowam edip gelýär. Tansçylar tansyň üsti bilen tomaşaçylara belli bir wakany gürrüň berýärler.

Owazyň äleme ýaýran dutarym

Dört ýaşlyja oglumyň «Owaz» teleradioýaýlymyndan günorta çagy goýberilýän dutar sazlaryny mawy ýaýlymyň öňünden aýrylman diňläp oturmagy meni pikirlenmäge mejbur etdi... Munuň ýaşyndakak biz gyzykly multfilmlerden aýrylyp bilmezdik. Bar güýmenjämiz ertekili kitaplaryň suratlarydy. Aý, garaz, çagalygyň täsin pursatlary ýyl geçdigisaýy bizi özünden daşlaşdyryp barýar. Indi biz öz çagalygymyzy çagalarymyzda görýäris. Ýöne körpe oglumyň saz diňlemegi, onda-da dutarda çalynýan sazlary ähli täsirliligine berlip diňlemegi, onuň bu sungata çagalykdan göwün berip başlamagy meni diýseň begendirdi. Oňa ýaşyna görä bir dutar ýasatdyryp bermegiň arzuwyndadym. Her bir güni toý-baýrama beslenýän Diýarymyzda bolsa arzuwlar diňe wysal bolmak üçin döreýär. Sebäbi şol arzuwy kalbymda besläp ýören günlerimiň birinde «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» ugurlaryndan ýurdumyzyň ähli künjeginden bagşy-sazandalaryň, dutar ussalarynyň bäsleşmäge gelýändigi, döwlet derejesinde geçiriljek bu bäsleşige meniňem döredijilik işgäri hökmünde gatnaşmalydygym aýdyldy. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüne gadam basanymda täze bir, täsin dünýä düşen ýaly boldum. Bu ýerde ýurdumyzyň dürli ýerlerinden gelen dutar ussalarynyň el hünärleriniň sergisi guralypdyr. Ululy-kiçili dutarlaryň, tarlaryň mähri göreni özüne çekýärdi. Men hem öz gyzyklanýan sowalla

Döredijilik duşuşygy

Ýakynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň Medeniýet öýünde harby talyplar bilen medeniýet we sungat işgärleriniň döredijilik duşuşygy geçirildi. Turuwbaşdan uly ruhubelentlilige beslenen bu medeni çärede «Türkmenistan» gazetiniň bölüm redaktory, şahyr Akmyrat Hojanyýazow, «Bereketli toprak» gazetiniň uly habarçysy, şahyr Altyn Baýramdurdyýewa, Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň sahna ussady Döwran Hojageldiýew, borçnama boýunça harby gullugyň starşinasy Kakajan Tüýliýew, şeýle-de harby ýokary okuw mekdebimiziň şu ýylky uçurymy, leýtenant Öwezgeldi Gylyçtaganow dagy täsirli çykyş etdiler. Olar hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda medeniýet we sungat ussatlaryna goýulýan sarpa, türkmen şygryýetiniň parlak ýyldyzy Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, onuň edebi mirasynyň häzirki wagtda ylmy esasda öwrenilişi barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Äleme ýaň salýar türkmen owazy

Beýik Arkadagdan ak pata alyp, Äleme ýaň salýar türkmen owazy.

Gel, dutarym, sözleşeli

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Dutar mukamlarynyň baý dünýäsinde halkyň gözellik baradaky we pelsepewi garaýyşlary öz beýanyny tapypdyr.

Her bir sazda Bah bar...

Ila­rion Al­fe­ýew, rus ýa­zy­jy­sy Bahyň sazynda nähilidir bir hemmetaraplaýynlyk, ählumumylyk, töwerekleýin gurşap almaklyk bar. Şahyr Iosif Brodskiň ýazyşy ýaly, «Her bir sazda — Bah bar, her birimizde — Ylah». Bah — bütin hristian dünýäsine degişli hadysa bolup durýar. Onuň sazy mezhebi akymlaryň çäginden çykýar, ol bu sözüň hakyky manysynda ekumenik ( Ekumena — latyn sözi bolup, «ýaşalýan dünýä» diýmegi aňladýar. XX asyryň başynda dörän, ähli hristian buthanalaryny birleşdirmegi, ähli dini akymlaryň birligini, olaryň arasyndaky gapma-garşylyklary aradan aýyrmagy maksat edinýän dini hereket hem şeýle atlandyrylýar. ) bolup durýar, çünki ol dünýä we onuň her bir ýaşaýjysyna degişli. Bahy prawoslaw kompozitor diýip atlandyrmak hem mümkin, sebäbi ol bütin ömründe Ylahy dogry şöhratlandyrmaga jan çekýär. Ol öz partituralaryny ( Partitura — köp sesli saz eseriniň ähli bölekleriniň jemi, şeýle hem şol bölekleriň jemlenen ýazgysy.) «Biribara şükür» (Soli Deo gloria), «Isa, ýardam et!» (Jesu, juva) diýen ýazgylar bilen bezäpdir. Bu sözler onuň üçin ýöne bir söz düzümleri bolman, onuň bütin döredijiliginiň içinden geçip gidýän ynanjynyň şöhlelenmesidir. Saz onuň üçin Haka ybadatdyr. Bah «kafolikos» diýen grek sözüniň «bütin, ählumumy, dünýewi» diýen manylaryna doly laýyk gelýän hakyky katolikdir, çünki ol Ybadathanany tutuş älem-ja

Sungat — ömrüň manysy

Her gün säher bilen şäheriň gül gujagynda owazlanyp oturan Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň ýagty girelgesi bir kybap geýnen talyp ýaşlaryň bezemen hatary bilen gurşalýar: bu gözel görnüşler ak säherlere bezeg berip, ýakymly duýgulary oýarýar. Az salymdan bolsa, belent binanyň giň otaglary dürli saz gurallarynyň sazlaşykly heňine, labyzly ýaşlaryň ýakymly owazlaryna dolýar. Sungat ojagynyň bosagasynda gün yrman gaýtalanyp gelýän bu görnüşlerde täze zehinleriň gadymy sungata söýgüsi, öz saýlan hünärlerine bolan höwesi jemlenýär. Mekdebiň halypa mugallymy Marina Petrowanyň adaty iş güni-de şeýle ajaýyp pursatlar bilen başlanýar.

Mawy deňziň kenarynda belentden ýaňlanan owazlar

Mähriban Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk toýy barha golaýlaýar. Şu senä bagyşlanan medeni çäreler giň gerime eýe bolýar. Geçen şenbe güni Türkmenbaşy şäheriniň kenar ýakasyndaky seýilgähinde hakyky aýdym-saz baýramçylygy ýaýbaňlandy. Bu ýere ýygnanan adamlar ilki seýilgähe aýlanyp gördüler. Uzaklara ýaýylyp ýatan gök deňzi, ýaşyl Tugumyzy pasyrdadyp, erkana ýüzýän gämileri, dyngysyz işleýän äpet ýük göterijileri... synladylar. Bu görnüşler bu ýere ýygnananlarda ýakymly täsir galdyrdy. Garaňky gatlyşyberende, aýdym-saz muşdaklary seýilgähiň amfiteatryny doldurdylar. Dowamly el çarpyşmalar tomaşaçylaryň höwesjeň aýdymçylaryň çykyşlaryna sabyrsyzlyk bilen garaşýandyklarynyň alamatydy. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym! — 2021» telebäsleşiginiň welaýatymyz boýunça jemleýji tapgyry geçmelidi. Ine-de, garaşylan pursat gelip ýetdi. Deslapky tapgyrda öňe saýlanan oglanlaryň we gyzlaryň onusynyň bäsleşige gatnaşýandygy yglan edilýär. Olaryň arasynda Balkanabat, Türkmenbaşy şäherlerinden, Serdar, Esenguly, Magtymguly, Etrek etraplaryndan gelen höwesjeň aýdymçylar bar. Milli lybasly gyzlar, ýigitler sahna bezeg berýärler.

Görkana günleriň ýalkymy

Gadymy halkymyzyň müdimi medeniýeti öz gözbaşyny müňýyllyklaryň akabasyndan alyp gaýdýar. Hormatly Prezidentimiziň medeniýetimizi düýpli öwrenip, ony bütin dünýä ýaýmak, aýawly saklamak hakynda edýän aladalarynyň netijesinde bu gün türkmeniň milli medeniýetiniň sarpasy belentden tutulýar. Berkararlyk binýady berkden bina edilen döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli medeniýetimiz ýurdumyzyň gurluşyk pudagyna hem özüniň döwrebap öwüşginini çaýdy. Muny Lebap welaýatynda täze gurlup, ulanmaga berlen «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýalkymynda görmek bolýar. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda diýen ýaly, döwletliligiň nyşany bolan «Türkmeniň ak öýleri» gurulýar. Häzirki wagtda halkymyzyň milli medeniýetini, taryhy gymmatlyklaryny dünýä tanatmak ugrunda yzygiderli işler alnyp barylýar, däp-dessurlarymyz täze röwüşde gaýtadan dikeldilip, onuň many-mazmuny has-da baýlaşdyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, bu desgalar milli medeniýetimizi gorap saklamak, ösdürmek we jemgyýetçilik isleglerini kanagatlandyrmak ýaly işler üçin niýetlenendir. Türkmençilikde mukaddesligiň, agzybirligiň nyşany hökmünde garalýan ak öýleriň Çeper höwesjeňler toparynyň döredijilik başlangyçlaryny goldamakda, raýatlaryň boş wagtyny gyzykly geçirmekde we dynç almagyny guramakda ähmiýeti örän uludyr. Şoňa görä-de, döwlet Baştutanymyz şeýle amatly desgalarda drama, sazly opera, balet, sirk, estrada, gur

Hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda öý-ojak, maşgala, eneler hakda aýdylanlardan

Ýurt Baştutany bolsam hem, türkmen maşgalasyndaky asylly häsiýetleri gözden salmazlygyň her birimize, şol sanda özüme hem degişlidigi barasynda köp oýlanýaryn. * * *

Dünýäniň bar görki enedir, ene

Her bir sözi mähirdendir Eneler durmuşyň manysy, ýaşaýşyň gözbaşy, öý-ojagyň mukaddesligi, maşgalanyň sütüni. Enäniň ýüregi daglardan beýik, umman ýaly giň, Gün kimin ýagty hem çogludyr. Enäniň ýylgyryşynda bütin dünýäniň görki jemlenendir. Ene dünýäde iň mähriban zenandyr. Ynsan üçin ene süýdünden mukaddes, ene hüwdüsinden ýakymly owaz, ene mährinden zyýada mähir ýokdur. Janyndan jan berip bizi bu ýagty jahana getirýän enelerimiziň öňünde baş egmek, tagzym etmek her birimiziň perzentlik borjumyzdyr. Çünki enäni hormatlamak, olaryň mertebesini belentde saklamak halkymyzyň gadymdan gelýän asylly ýörelgeleriniň biridir. Türkmençilikde öý-ojagyň diregi bolan mähriban eneler ähli gowluklaryň nusgasy hasaplanylýar.

Milli medeniýetimiziň belent sarpasy

Garaşsyz Diýarymyzy, bagtyýar halkymyzy ösüşiň we parahatçylygyň aýdyň ýoly bilen öňe alyp barýan hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň netijesinde, ýurdumyzda ähli ugurlar babatda uly üstünlikleriň gazanylýandygyna şaýat bolýarys. Ata Watanymyzda gazanylýan ýokary ykdysady görkezijiler raýatlarymyzyň bagtyýar, bolelin durmuşyna gönükdirilýär. Medeniýet we sungat ulgamynda ýetilýän sepgitler bolsa özünde halkymyzyň Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründäki ruhy galkynyşyny şöhlelendirýär. Halkymyzyň milliliginden, özboluşlylygyndan gelip çykýan milli medeniýetimiz bu günki günde bütin dünýäde öz ykraryna eýe bolýar. Gadymy kökleri asyrlara uzaýan «Görogly» şadessanynyň, saz we tans sungatynyň özboluşly sazlaşygyndan kemala gelen küştdepdiniň, tebigat bilen el işleriniň utgaşygy bolan türkmen halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO tarapyndan Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi hem aýdanlarymyza güwä geçýär. Dutar ýasamak senetçiligi we saz sungaty hem häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär.

Sahy bagşy we Orazgeldi Ylýas

«Ussat bagşynyň ýoly» makalalar toplumyndan Tejen aýlagynda ýaşaýan Gurban Merediň öýünde bolan toý bilen baglanyşykly wakalary Orazgeldi Ylýasyň halypasy, ussat sazanda Sary Bäşim garaganly Gylyçdurdy Gojaýewe gürrüň beripdir:

Milli medeniýetiň sarpasy

Türkmen halkynyň gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan gaýtalanmajak ajaýyp milli medeniýeti bar. Tebigatyna şahandazlyk mahsus bolan pederlerimiz taryhyň islendik döwründe hem öz durmuşyny, toý-märekelerini, däp-dessurlaryny, edim-gylymlaryny, ýaşaýan mesgenlerini, edebiýatyny we sungatyny, mahlasy, maddy we ruhy barlygyny asylly we estetiki gözellik bilen taraşlamagy başarypdyr. Şoňa görä-de, milli medeniýetimiz halkymyzyň aňyýetiniň, medeniýetiniň ösmeginde binýatlyk ölçegi bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli medeniýetimizi ösdürmek we bütin dünýäde wagyz etmek boýunça yzygiderli tagallalar edilýär. Munuň özi türkmen medeniýetiniň täze belentliklere çykmagyna ýardam edýär. Ýakynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň şatlyk-şowhuna beslenip, uludan toýlanan günlerinde hem bu hakykata aýdyň göz ýetirmek mümkin boldy. Dabaraly bellenen bu ajaýyp baýram «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň taryhy senelerine özboluşly many-mazmun goşdy.

Halypanyň sarpasy

Okyjylaryň ýüreginde baky yz galdyran ýürekdeş ynsan, duýgudaş şahyr Kerim Gurbannepesowyň döredijiligine ser salmadyk az bolsa gerek. Onda-da ömrüni, ýaşaýşyny ile baglan, tebigy ýaşy däl-de, iliň kalbynda ýaşaýşy ömrüniň manysy hasaplan şahyr baradaky söhbet mynasyplykdandyr. Şahyryň howlusynyň mähellesiniň mydama köplüge beslenmesi, şol öýüň gapysyndan hormat bilen gadam basýanlaryň ýüregine ýürekdeşlik tapýanlygyndan habar berýärdi. Talyp, işçi, mehanizator... parhy ýok, ol hyýalynda şygyrlar çemenini bogup gelenleri bir salym garaşdyrardy. Soňra bolsa gelenlere ýüzlenip: «Şygryýetiň söhbedi guralsa, kalbymyzy tämizläp, biziň özümize timar berip, gürrüňe başlamagymyz gerek» diýip, ýylgyrmasy muşdaklarda uly täsir galdyrardy. Megerem, şonuň üçindir bu mukaddes ojagyň göýä, şygryýete beslenýän mukaddes öý hökmünde hasaplanmagy.

Rowaçlyga beslenýär medeniýetim, sungatym

«Türkmenistan —  parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Lebap welaýatynda uly dabaralara, şatlyk-şowhuna beslenip geçirilen Medeniýet hepdeligi täze zehinleri ýüze çykarmak bilen birlikde, döredijilik işgärlerini täze-täze eserleri döretmäge ruhlandyrdy. Welaýat döwlet drama teatrynda Medeniýet hepdeligi, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli teatryň režissýory Öwezmämmet Galandarowyň sahnalaşdyran «Sag bol, durmuş» atly oýny görkezildi. Ol Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gurbannazar Ezizowyň eserleri esasynda taýýarlanyldy.  Monospektakl her bir adamy duýgular dünýäsiniň çuňlugyna alyp gidýär:

Zenan mertebesi

Ýurdumyzda zenanlara belent sarpa goýulýar. Olar halkymyzyň buýsanjyna, mukaddes ojaklarymyza deňelýär. Milli ýörelgelerimizde zenan mertebesi, hormaty hemişe ýokarydyr. Dana pederlerimiz «Zenan — mähek daşy» diýen parasatly jümläni döredipdirler. Bu çuň manyly jümläniň özeninde türkmen zenanynyň edebi, mertebesi bardyr. Gahryman Arkadagymyzyň eziz käbesi Ogulabat ejäniň mundan ýarym asyr öň — 1971-nji ýylda sünnäläp bejeren kürtesiniň Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine gowşurylmagy biz — zenanlary buýsandyrýar. Ogulabat ejäniň kürtäni baldyzy üçin niýetläp bejermegi onuň maşgalasynda gaýyn-gelin, ýeňňe-baldyz gatnaşyklaryndaky sylag-hormaty, agzybirligi aňladýar. Bu ajaýyp sungatyň ýerine ýetirilişiniň gyz-gelinleriň durmuşy üçin däp-dessurlar bilen baglanyşykly möhüm ähmiýeti bar.

«Gara altyn» çagalara gujak açýar

Gojaman Hazar deňziniň ajaýyp kenaryna bezeg berip oturan «Gara Altyn» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi dynç alşa gelen çagalara gujak açýar. Bu merkeziň her dynç alyş tapgyrynda 200 çaga kabul edilip, umumy tomus möwsüminde 1200-e golaý çaganyň iň amatly şertlerde dynç almagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Merkezde çagalar wagtlaryny gyzykly geçirip, bir-birleri bilen dostlaşýarlar. Sport bilen meşgullanmagy, hereketde bolmagy halaýan şadyýan çagalar üçin merkezde futbol, woleýbol, basketbol meýdançalary bolup, ol ýerde çagalaryň wagtlaryny ýatda galyjy geçirmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Şeýle-de, dynç almaga baran çagalaryň arasynda dürli bäsleşikler, gezelençler, medeni agşamlar guralýar, merkezde kompýuter otaglary we dürli gurnaklarda çagalaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Bulardan başga-da tomus möwsüminiň ähli dynç alyş tapgyrlary üçin Türkmenistanyň ýerli jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ýörite meýilnamalar düzülip, guramaçylyk taýdan taýýarlyklar görülýär. Bu bolsa Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe çagalaryň bagtyýar, beden we ruhy taýdan sagdyn, ýokary aň-düşünjeli bolup kemala gelmeklerini üpjün edýär. Şeýle aladalaryň aňyrsynda Gahryman Arkadagymyzyň bimöçber tagallalarynyň bardygy biziň ýüregimizi joşa getirýär.

Türkmenistan — ÝUNESKO: medeni mirasymyzyň müdimiligi

Türkmenistan 1993-nji ýylyň 17-nji awgustynda ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy boldy. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Birleşen Milletler Guramasy ýaňy öz Garaşsyzlygyny gazanan ýaş Türkmenistan döwletini öz düzümine kabul etdi. Garaşsyz döwletimiziň iň iri halkara guramasyna girmegi goja taryhly türkmen halkynyň adamzat ösüşine goşan ägirt uly goşandynyň halkara derejesinde ykrar edilendigini iş ýüzünde tassyklady.