Dünýäniň bar görki enedir, ene

5 Iýul 2021
1933

Her bir sözi mähirdendir

Eneler durmuşyň manysy, ýaşaýşyň gözbaşy, öý-ojagyň mukaddesligi, maşgalanyň sütüni. Enäniň ýüregi daglardan beýik, umman ýaly giň, Gün kimin ýagty hem çogludyr. Enäniň ýylgyryşynda bütin dünýäniň görki jemlenendir. Ene dünýäde iň mähriban zenandyr. Ynsan üçin ene süýdünden mukaddes, ene hüwdüsinden ýakymly owaz, ene mährinden zyýada mähir ýokdur. Janyndan jan berip bizi bu ýagty jahana getirýän enelerimiziň öňünde baş egmek, tagzym etmek her birimiziň perzentlik borjumyzdyr. Çünki enäni hormatlamak, olaryň mertebesini belentde saklamak halkymyzyň gadymdan gelýän asylly ýörelgeleriniň biridir. Türkmençilikde öý-ojagyň diregi bolan mähriban eneler ähli gowluklaryň nusgasy hasaplanylýar.

Mährijemal PAŞYKOWA,
«Watan».