Zenan mertebesi

2 Iýul 2021
1345

Ýurdumyzda zenanlara belent sarpa goýulýar. Olar halkymyzyň buýsanjyna, mukaddes ojaklarymyza deňelýär. Milli ýörelgelerimizde zenan mertebesi, hormaty hemişe ýokarydyr. Dana pederlerimiz «Zenan — mähek daşy» diýen parasatly jümläni döredipdirler. Bu çuň manyly jümläniň özeninde türkmen zenanynyň edebi, mertebesi bardyr.

Gahryman Arkadagymyzyň eziz käbesi Ogulabat ejäniň mundan ýarym asyr öň — 1971-nji ýylda sünnäläp bejeren kürtesiniň Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine gowşurylmagy biz — zenanlary buýsandyrýar. Ogulabat ejäniň kürtäni baldyzy üçin niýetläp bejermegi onuň maşgalasynda gaýyn-gelin, ýeňňe-baldyz gatnaşyklaryndaky sylag-hormaty, agzybirligi aňladýar. Bu ajaýyp sungatyň ýerine ýetirilişiniň gyz-gelinleriň durmuşy üçin däp-dessurlar bilen baglanyşykly möhüm ähmiýeti bar.

Aýşat GÖJENOWA,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty, Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiň agzasy.