Milli medeniýetiň sarpasy

4 Iýul 2021
1142

Türkmen halkynyň gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan gaýtalanmajak ajaýyp milli medeniýeti bar. Tebigatyna şahandazlyk mahsus bolan pederlerimiz taryhyň islendik döwründe hem öz durmuşyny, toý-märekelerini, däp-dessurlaryny, edim-gylymlaryny, ýaşaýan mesgenlerini, edebiýatyny we sungatyny, mahlasy, maddy we ruhy barlygyny asylly we estetiki gözellik bilen taraşlamagy başarypdyr. Şoňa görä-de, milli medeniýetimiz halkymyzyň aňyýetiniň, medeniýetiniň ösmeginde binýatlyk ölçegi bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli medeniýetimizi ösdürmek we bütin dünýäde wagyz etmek boýunça yzygiderli tagallalar edilýär. Munuň özi türkmen medeniýetiniň täze belentliklere çykmagyna ýardam edýär. Ýakynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň şatlyk-şowhuna beslenip, uludan toýlanan günlerinde hem bu hakykata aýdyň göz ýetirmek mümkin boldy. Dabaraly bellenen bu ajaýyp baýram «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň taryhy senelerine özboluşly many-mazmun goşdy.

Serdar ANNADURDYÝEW,
Babadaýhan etrabynyň Ak altyn oba Medeniýet öýüniň müdiri.