Artygyň ejesi

8 Iýul 2021
1081

Eger-de biz türkmen teatr hem-de kino sungatyny akyp ýatan derýa hasap etsek, onda Ogulgurban Durdyýewanyň 17 ýyllyk arakesmeden soň sungat äleminde gaýtadan peýda bolmagy şol derýany gaýtadan joşdurdy. 17 ýyllap sungat derýasy pes akypdyr. Pese düşenini hiç kim aňmandyram, asla onuň bilen işlerem bolmandyr.

Berekella, Alty Garla, ony gaýtadan sungata getiripdir. Ogulgurban Durdyýewa az wagtyň içinde köp keşp döretdi, Respublikamyzyň sungat hazynasyny has-da baýlaşdyrdy, taryhyny giňeltdi.

Aýsoltan PÄLWANOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy.