Owazyň äleme ýaýran dutarym

7 Iýul 2021
1195

Dört ýaşlyja oglumyň «Owaz» teleradioýaýlymyndan günorta çagy goýberilýän dutar sazlaryny mawy ýaýlymyň öňünden aýrylman diňläp oturmagy meni pikirlenmäge mejbur etdi... Munuň ýaşyndakak biz gyzykly multfilmlerden aýrylyp bilmezdik. Bar güýmenjämiz ertekili kitaplaryň suratlarydy. Aý, garaz, çagalygyň täsin pursatlary ýyl geçdigisaýy bizi özünden daşlaşdyryp barýar. Indi biz öz çagalygymyzy çagalarymyzda görýäris. Ýöne körpe oglumyň saz diňlemegi, onda-da dutarda çalynýan sazlary ähli täsirliligine berlip diňlemegi, onuň bu sungata çagalykdan göwün berip başlamagy meni diýseň begendirdi.

Oňa ýaşyna görä bir dutar ýasatdyryp bermegiň arzuwyndadym. Her bir güni toý-baýrama beslenýän Diýarymyzda bolsa arzuwlar diňe wysal bolmak üçin döreýär. Sebäbi şol arzuwy kalbymda besläp ýören günlerimiň birinde «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» ugurlaryndan ýurdumyzyň ähli künjeginden bagşy-sazandalaryň, dutar ussalarynyň bäsleşmäge gelýändigi, döwlet derejesinde geçiriljek bu bäsleşige meniňem döredijilik işgäri hökmünde gatnaşmalydygym aýdyldy. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüne gadam basanymda täze bir, täsin dünýä düşen ýaly boldum. Bu ýerde ýurdumyzyň dürli ýerlerinden gelen dutar ussalarynyň el hünärleriniň sergisi guralypdyr. Ululy-kiçili dutarlaryň, tarlaryň mähri göreni özüne çekýärdi. Men hem öz gyzyklanýan sowallaryma jogap gözläp, hemem oguljygyma niýetlän arzuwymy amala aşyrmak üçin dutar ussalarynyň işlerine içgin üns berdim. Ýasan dutarlaryny ýekän-ýekän gözden geçirip, taýýar diýlenini-de eline alyp, tirňildedip görýän ýaşulynyň deňinden biperwaý geçip bilmedim. Sebäbi onuň öňündäki dutar ýasamak üçin gerek bolýan iş gurallary, dutaryň gapaklarydyr saplary, bu saz guralyny ýasamak üçin ulanylýan dürli agaç bölekleri, taýýar edilen dutarlar meni şol ýerde duşaklap goýan ýalydy. Men:

Enejan ANNADURDYÝEWA,
«Nesil».