Halypanyň sarpasy

4 Iýul 2021
1043

Okyjylaryň ýüreginde baky yz galdyran ýürekdeş ynsan, duýgudaş şahyr Kerim Gurbannepesowyň döredijiligine ser salmadyk az bolsa gerek. Onda-da ömrüni, ýaşaýşyny ile baglan, tebigy ýaşy däl-de, iliň kalbynda ýaşaýşy ömrüniň manysy hasaplan şahyr baradaky söhbet mynasyplykdandyr.

Şahyryň howlusynyň mähellesiniň mydama köplüge beslenmesi, şol öýüň gapysyndan hormat bilen gadam basýanlaryň ýüregine ýürekdeşlik tapýanlygyndan habar berýärdi. Talyp, işçi, mehanizator... parhy ýok, ol hyýalynda şygyrlar çemenini bogup gelenleri bir salym garaşdyrardy. Soňra bolsa gelenlere ýüzlenip: «Şygryýetiň söhbedi guralsa, kalbymyzy tämizläp, biziň özümize timar berip, gürrüňe başlamagymyz gerek» diýip, ýylgyrmasy muşdaklarda uly täsir galdyrardy. Megerem, şonuň üçindir bu mukaddes ojagyň göýä, şygryýete beslenýän mukaddes öý hökmünde hasaplanmagy.

Amangeldi ILGELDIÝEW,
Lebap welaýat Baş bilim müdirliginiň başlygynyň orunbasary.