Rowaçlyga beslenýär medeniýetim, sungatym

2 Iýul 2021
989

«Türkmenistan —  parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Lebap welaýatynda uly dabaralara, şatlyk-şowhuna beslenip geçirilen Medeniýet hepdeligi täze zehinleri ýüze çykarmak bilen birlikde, döredijilik işgärlerini täze-täze eserleri döretmäge ruhlandyrdy.

Welaýat döwlet drama teatrynda Medeniýet hepdeligi, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli teatryň režissýory Öwezmämmet Galandarowyň sahnalaşdyran «Sag bol, durmuş» atly oýny görkezildi. Ol Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gurbannazar Ezizowyň eserleri esasynda taýýarlanyldy.  Monospektakl her bir adamy duýgular dünýäsiniň çuňlugyna alyp gidýär:

Gülnabat ANNATAGANOWA,
«Balkan».