Görkana günleriň ýalkymy

5 Iýul 2021
1149

Gadymy halkymyzyň müdimi medeniýeti öz gözbaşyny müňýyllyklaryň akabasyndan alyp gaýdýar. Hormatly Prezidentimiziň medeniýetimizi düýpli öwrenip, ony bütin dünýä ýaýmak, aýawly saklamak hakynda edýän aladalarynyň netijesinde bu gün türkmeniň milli medeniýetiniň sarpasy belentden tutulýar. Berkararlyk binýady berkden bina edilen döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli medeniýetimiz ýurdumyzyň gurluşyk pudagyna hem özüniň döwrebap öwüşginini çaýdy. Muny Lebap welaýatynda täze gurlup, ulanmaga berlen «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýalkymynda görmek bolýar.

Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda diýen ýaly, döwletliligiň nyşany bolan «Türkmeniň ak öýleri» gurulýar. Häzirki wagtda halkymyzyň milli medeniýetini, taryhy gymmatlyklaryny dünýä tanatmak ugrunda yzygiderli işler alnyp barylýar, däp-dessurlarymyz täze röwüşde gaýtadan dikeldilip, onuň many-mazmuny has-da baýlaşdyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, bu desgalar milli medeniýetimizi gorap saklamak, ösdürmek we jemgyýetçilik isleglerini kanagatlandyrmak ýaly işler üçin niýetlenendir. Türkmençilikde mukaddesligiň, agzybirligiň nyşany hökmünde garalýan ak öýleriň Çeper höwesjeňler toparynyň döredijilik başlangyçlaryny goldamakda, raýatlaryň boş wagtyny gyzykly geçirmekde we dynç almagyny guramakda ähmiýeti örän uludyr. Şoňa görä-de, döwlet Baştutanymyz şeýle amatly desgalarda drama, sazly opera, balet, sirk, estrada, gurjak toparlaryny döretmek boýunça işleri geçirmegiň zerurdygyny, şeýle hem teatrlaryň, aýdym-saz toparlarynyň, şekillendiriş we amaly sungat studiýalarynyň, beýleki halk hem-de tehniki döredijilik toparlarynyň işini ýola goýmagyň wajypdygyny nygtaýar. Ak öý türkmeniň gadymdan gelýän myhmansöýerliginiň özboluşly nyşany bolup, halkymyzyň nesilden-nesle geçip gelýän däp-dessurlaryny, medeni gymmatlyklaryny özünde jemleýär.

Turamerjen TAGANOWA,
Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt diline ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň mugallymy.