«Gara altyn» çagalara gujak açýar

2 Iýul 2021
1010

Gojaman Hazar deňziniň ajaýyp kenaryna bezeg berip oturan «Gara Altyn» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi dynç alşa gelen çagalara gujak açýar. Bu merkeziň her dynç alyş tapgyrynda 200 çaga kabul edilip, umumy tomus möwsüminde 1200-e golaý çaganyň iň amatly şertlerde dynç almagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Merkezde çagalar wagtlaryny gyzykly geçirip, bir-birleri bilen dostlaşýarlar. Sport bilen meşgullanmagy, hereketde bolmagy halaýan şadyýan çagalar üçin merkezde futbol, woleýbol, basketbol meýdançalary bolup, ol ýerde çagalaryň wagtlaryny ýatda galyjy geçirmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Şeýle-de, dynç almaga baran çagalaryň arasynda dürli bäsleşikler, gezelençler, medeni agşamlar guralýar, merkezde kompýuter otaglary we dürli gurnaklarda çagalaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.

Bulardan başga-da tomus möwsüminiň ähli dynç alyş tapgyrlary üçin Türkmenistanyň ýerli jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ýörite meýilnamalar düzülip, guramaçylyk taýdan taýýarlyklar görülýär. Bu bolsa Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe çagalaryň bagtyýar, beden we ruhy taýdan sagdyn, ýokary aň-düşünjeli bolup kemala gelmeklerini üpjün edýär. Şeýle aladalaryň aňyrsynda Gahryman Arkadagymyzyň bimöçber tagallalarynyň bardygy biziň ýüregimizi joşa getirýär.

Gurbangül MÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Hazar şäher birleşmesiniň başlygy.